Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Ýokary sudy täze premýer-ministre görkezme berdi


Çarşenbe güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň täze bellenen premýer-ministri Raja Perwez Aşrafa Pakistanyň häzirki prezidentine garşy ozalky gozgalan jenaýat işi boýunça anyk hereket etmekligi üçin iki hepde puryja berdi.

Hususan-da, Ýokary sud täze bellenen premýer-ministriň prezident Asif Ali Zardarä garşy korrupsiýa bilen baglanyşykly ozalky gozgalan işin täzeden açylmagy üçin Şweýsariýanyň häkimiýetlerine ýüz tutup-tutmajakdygy barada öz pozisiýasyny iki hepdäniň dowamynda aýdyňlaşdyrmalydygyny aýdýar.

Geçen hepde Pakistanyň Ýokary sudy prezident Zardarä garşy ozalky gozgalan işin täzeden açylmagyna päsgel berenlikde aýyplap, Ýusuf Reza Gilanini premýer-ministrlik wezipesinden boşatmak barada höküm çykarypdy.
XS
SM
MD
LG