Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaragly söweşijiler Damaskdaky hüjümlerini güýçlendirýärler


Çarşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskyň eteginde hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklar has güýçli ýagdaýda dowam etdi.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni prezident Başar al-Assad Siriýany “uruş ýagdaýyndaky yurt” diýip yglan edip, ýurduň täze bellenen hökümetine gozgalaňlary basyp ýatyrmak üçin ähli tagallalary gönükdirmeklige görkezme berdi.

Çarşenbe güni Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi ýaragly söweşijileriň Damaskyň etegindäki hökümete tarapdar “Ihbariýa” telewizion stansiýasyna-da hüjüm edip, ondaky üç işgäri atyp öldürendiklerini habar berdi.
XS
SM
MD
LG