Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilýär


Çarşenbe güni Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda şeýle baýramçylygy belläp geçmek däbi 2008-nji ýylda girizilipdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli bu gezek baýramçylygyň öňýany, 20-nji iýundan başlap paýtagt Aşgabatda teatr premýeralarynyň marafony yglan edildi. Şu çäräniň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň dürli teatrlarynyň spektakllary görkezildi.

Mundan daşary, sişenbe güni Türkmenistanyň çeperçilik Akademiýasynyň maslahatlar zalynda “Biziň prezidentimiz milli medeniýete we sungata uly sarpa goýýar” ady bilen ýörite döredijilik duşuşygy we konferensiýa geçirildi.

Bu çärede Türkmenistandaky medeniýetiň we sungatyň ösüşleri, esasan, ýurduň häzirki prezidentiniň tagallalary bilen baglanyşdyryldy.
XS
SM
MD
LG