Sepleriň elýeterliligi

Öňdebaryjy Cardiff Metropolitan uniwersiteti


Britaniýanyň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň biri, şeýle-de halkara talyplarynyň kanagatlanamak derejesi boýunça ýokary netijeleri görkezen Cardiff Metropolitan uniwersitetiniň Halkara strategiýa we Marketing menejeri Siobhan Robinson bu uniwersitete girmegiň şertleri, şeýle-de ondaky maliýe ýeňillikleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Siobhan Robinson: Cardiff Metropolitan uniwersiteti Uelsiň paýtagt şäheri Kardiffde ýerleşýär. Biziň ýokary okuw jaýymyzda 11 müňe golaý talyp okaýar, olaryň 10-15% töweregi hem dünýäniň dürli künjeklerinden okamaga gelen ýaşlar. Bizde ABŞ, Afrika, Aziýa, Ýakyn Gündogar ýaly sebitlerden gelip okaýan talyplar bar. Biziň daşary ýurtly talyplar bilen işleşmek boýunça uly tejribämiz bar.

Biziň uniwersitetimiz bäş sany ýöriteleşdirilen mekdepden ybarat. Bularyň birinjisi: sungat we çeperçilik mekdebi. Bu ýerde bakalawrda, magistraturada okamak, şeýle-de ylmy işleri geçirmek isleýänler üçin juda gowy programmalarymyz bar.

Ikinjisi: Bilim mekdebi. Bu ýerde hem ähli derejelerde okamak isleýän talyplar üçin mümkinçilik bar. Bu mekdebimizde biz okuw-bilim pudagynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýarys. Belläp geçsem, biziň bu ugurdaky berýän sowadymyz diýseň uly abraýdan peýdalanýar.

Üçünji mekdebimiz Saglyk ylymlary boýunça bilim berýär. Daşary ýurtdan gelýän talyplaryň aglabasy-da bu mekdebi saýlap alýarlar. Biz bu mekdebimizde saglyga degişli juda inçe ylymlar boýunça hem okadýarys. Bu mekdebimizde hem ähli derejeler boýunça, ýagny bakalawr, magistratura we doktoranturada okamak mümkinçilikleri bar.

Dolandyryş bilimleri boýunça mekdep biziň uly mekdebimizdir. Bu mekdepde ykdysadyýet, kompýuter tehnologiýalary, turizm ýaly pudaklar boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Nygtap geçesim gelýär, biziň turizm pudagy boýunça ylmy-barlag merkezimiz Britaniýanyň iň öňdebaryjy we abraýly merkezleriniň biridir. Biz muňa diýseň guwanýarys.

Iň soňkusy hem biziň Sport mekdebimizdir. Bu hem Britaniýanyň sport boýunça tälim berýän iň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Biz sport ugry boýunça gitmek isleýän talyplara ähli derejeler boýunça bilim berýäris.

Türkmen ýaşlary has dolurak maglumatlary biziň websaýtymyzdan tapyp bilerler: www.cardiffmet.ac.uk.



Azatlyk Radiosy: Siobhan, indi okuw jaýyňyza girmegiň şertleri barada gürrüň berseňiz?

Siobhan Robinson: Biziň uniwersitetimiz Britaniýada ýöriteleşdirilen halkara edarasy bolan birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Ýagny, biziň halkara bölümimizde ýörite halkara marketing edarasy bolup, ol dünýäniň ýurtlaryna aýlanyp, biziň ýokary okuw jaýymyz, hödürmeli resminamalar barada maglumat berýär. Biz Türkmenistana entek barmadyk, ýöne belki-de geljekde bararys.

Cardiff Metropolitan uniwersitetinde okamak isleýän talyplar biziň websaýtymyzdaky giriş formasyny doldurmaly. Ýöne gyzyklanma bildirýän talyplar gönüden-göni meniň bilen e-mail arkaly hem habarlaşyp bilerler. Men olaryň ähli soraglaryna jogap bererin we doldurmaly giriş formasyny ugradaryn. Meniň e-mail salgym: srobinson@cardiffmet.ac.uk.

Abiturient arza bilen bir hatarda ozalky okan ýerleri baradaky maglumatlary, şeýle-de iňlis diliniň derejesi boýunça synaglaryň netijelerini hem hödürlemeli. Abiturient iňlis diliniň derejesi boýunça hökmany ýagdaýda synagdan geçmeli. Sebäbi bu giriş şertleriniň biri. Şeýle-de iş tejribesi bolan talyplara has köp mümkinçilik berilýär.

Azatlyk Radiosy: Resminamalary haçandan başlap ugradyp bolar?

Siobhan Robinson: Talyplar tutuş ýylyň dowamynda bize öz resminamalaryny ugradyp bilerler. Bu talybyň tabşyrýan ugruna bagly. Käbir ugurlar boýunça sapaklar ir başlanýar, käbirleri gijiräk. Şeýle-de, talyp uniwersitete kabul edilenden soň hem, wiza işleri bar. Bu hem belli bir wagty alýar. Şunlukda, abiturientler resminamalary näçe çalt tabşyryp bilseler, şonça-da gowy.

Azatlyk Radiosy: Belki-de indiki sorajyk soragym talyplary has köp gyzyklandyrýandyr. Bu töleg bilen bagly. Siziň tölegleriňiz nähili, şeýle-de talyplar üçin maliýe hemaýaty berilýärmi?

Siobhan Robinson: Hawa, biziň töleglerimiz beýleki käbir ýokary okuw jaýlarynyňka garanyňda has elýeterli. Munuň sebäpleriniň biri hem biziň ýokary okuw jaýymyzyň Britaniýanyň maliýe taýdan elýeterli regionynda ýerleşmegidir. Iň esasy sebäp hem, biz talyplaryň okamagy üçin boldugyndan şert döretjek bolýarys.

Bakalawr derejesi üçin tölegler her ýyl üçin 9,600 britan poundyndan başlaýar. Magistratura programmalary üçin töleg 10 müň pounddan başlaýar. Bizde talyplar üçin ençeme maliýe stipendiýalary hem bar. Ýagny, biziň uniwersitetimize kabul edilenden soň, erjellik we höwes bilen okaýan, sapaklaryna gowy ýetişýän talyplara, elbetde, maliýe hemaýaty berler.

Şeýle-de biz Ýewropa Komissiýasynyň okuw proýektlerine hem gatnaşýarys. Şunlukda, biziň öz ýokary okuw jaýymyzyň maliýe stipendiýalary bilen bir hatarda, biz maliýe hemaýatyny hödürleýän beýleki programmalary hem kabul edýäris.
XS
SM
MD
LG