Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada TW hüjüminde 7 adam öldi


Damaskyň 20 kilometr çemesi günortasyndaky Drouşa şäherinde ýerleşýän “Ihbariýa” telewideniýesine hüjüm edildi, 27-nji iýun.
Damaskyň 20 kilometr çemesi günortasyndaky Drouşa şäherinde ýerleşýän “Ihbariýa” telewideniýesine hüjüm edildi, 27-nji iýun.
27-nji iýunda, Damaskyň golaýynda gozgalaňçylaryň we hökümet güýçleriniň arasynda söweşler dowam edýän mahaly, hökümetiň tarapyny tutýan telewideniýä hüjüm edildi. Bu wakada 7 adamyň ölendigi habar berilýär.

Siriýanyň döwlet gözegçiligindäki habar serişdeleriniň beýän maglumatlaryna görä, 27-nji iýunda irden ýaragly adamlar Damaskyň 20 kilometr çemesi günortasyndaky Drouşa şäherinde ýerleşýän “Ihbariýa” telewideniýesine hüjüm edipdirler. Bu wakada üç žurnalistiň we dört sany howpsuzlyk garawulynyň ölendigi habar berilýär. “Ihbariýa” hususy telewideniýe, emma ol prezident Başar al-Assadyň režimini goldaýar.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň reportažynda “Ihbariýa” telewideniýesiniň studiýalaryna güýçli zeper ýetendigi görkezildi. Ýurduň hökümet resmileri bu wakany “terroristleriň” amala aşyran “gyrgynçylygy” diýip ýazgarýarlar.

Prezidentiň saýlama “Respublika Gwardiýasynyň” güýçleri bolsa Damaskyň golaýynda oppozisiýanyň tarapdarlary bilen çaknyşýarlar. Aktiwistler bu söweşleriň öňkilerden has ýitidigini aýdýarlar.

Bir gün mundan öň prezident Başar al-Assad Siriýanyň “uruş ýagdaýyndaky ýurtdugyny” aýtdy we özüniň täze düzlen hökümetine bu bidüzgünçiligiň öňüni almak üçin elde baryny etmegi tabşyrdy.

“Meniň parlamentdäki çykyşymda aýdyşym ýaly, biz ähli ugurlar boýunça hakyky uruş ýagdaýyndaky ýurtda ýaşaýarys” diýip, Assad aýtdy. “Biz şeýle ýagdaýda ýaşaýarkak, ähli syýasatlarymyzyň, ähli taraplaryň we ähli pudaklaryň bu uruşda ýeňşe gönükdirilmegi zerur”.

Başar al-Assad çykyş edýär, 26-njy iýun.
Başar al-Assad çykyş edýär, 26-njy iýun.
27-nji iýunda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň derňewçiler topary guramanyň adam hukuklary boýunça Geňeşine Siriýanyň hökümet güýçleriniň adam hukuklaryny gödek bozýandyklaryny we munuň geçen üç aýda örän alada goýýan derejä ýetendigini aýtdy. Bu topar geçen aý al-Houla obasynda aglabasy zenanlar we çagalar bolan 100-den gowrak adamy kimiň gyrandygyny tassyklap bolmaýandygyny hem belleýär .

Emma Birleşen Milletler Guramasynyň derňewçileriniň pikiriçe, “hökümetiň tarapdary bolan güýçleriň köp adam ýitgilerine jogapkär bolmagy mümkin”.

Çarşenbe güni Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi guramanyň maslahatyny terk edip, Damaskyň “gödek syýasy maslahata” gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Siriýada uruşlaryň tutaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň 27-nji iýunda Ýewropa ýurtlaryna başlaýan saparlaryna gabat geldi. Ol Finlandiýa, Latwiýa we Orsýete sapar etmegi göz öňünde tutýar.

30-njy iýunda Hillary Klinton Siriýa barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Siriýanyň goňşularynyň gatnaşmagynda Brýusselde geçiriljek maslahata gatnaşar.
XS
SM
MD
LG