Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan medeniýet işgärleriniň gününi belleýär


Aşgabatdaki medeni çärede, 2012-nji ýylyň aprel aýy.
Aşgabatdaki medeni çärede, 2012-nji ýylyň aprel aýy.
Çarşenbe güni, 27-nji iýunda Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilýär. Bu sene professional baýram hökmünde 2008-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen resmileşdirildi.

TDH gullugynyň berýän maglumatyna görä, medeniýet we sungat işgärleriniň professional güni mynasybetli Türkmenistanda täze teatr oýunlary, konsert programmalary, türkmeniň şu günki medeniýeti we milli sungaty barada duşuşyklar we sergiler geçirilipdir.

Türkmenistanda milli medeniýetiň we sungatyň däplerine uly sarpa goýulýandygy maglumatda bellenilýär. Muny ýurda myhman bolup baraýan daşary ýurtly sungat işgärleri hem tassyklaýarlar.

Moskwanyň Ýokary döwlet kinematografiýa institutynyň kafedra müdiri, medeniýeti öwreniş boýunça professor Waleriý Iwanowiç Fomin Türkmenistana saparyndan soň bu ýurt barada özünde dörän duýgular barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Ol ýerde halk döredejiligi gaty gowy saklanyp galypdyr. Biz halk senetçiliginiň ýarmarkasyna bardyk. Ol ýerdäki ajaýyp halylar, metal işleri, öwüşgin atýan milli geýimler haýran galdyrýar. Goý, şu zatlar saklanyp galsyn we mundan beýläk hem össün” diýip, professor Fomin aýtdy.

Medeni ugurda gazanylan üstünlikler esasan ýurduň regionlarynda täze durmuş-medeni desgalarynyň, şol sanda teatrlaryň, konsert zallarynyň gurulmagy, medeniýet edaralarynyň maddy-tehniki bazasynyň berkidilmegi, sungatyň dürli görnüşleriniň döredilmegi we ösdürilmegi, neşirýatlaryň kämilleşdirilmegi, internetiň halka elýeterli edilip başlanmagy ýaly işler bilen häsiýetlendirilýär.

Soňky bäş-alty ýylyň dowamynda Türkmenistanyň sungat işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallara we döredijilik çärelerine gatnaşdyrylmagy hem mundan ozal çetde galdyrylan türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň Türkmenistany dünýä tanatmak prosesine goşulmaga mümkinçilik açdy.

Gaýra goýulmasyz meseleler

Gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde birnäçe gaýra goýulmasyz meseleleriň hem bardygyny synçylar belleýärler.

Türkmen studentleri Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň çäresinde, Aşgabat
Türkmen studentleri Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň çäresinde, Aşgabat
Türkmen jemgyetinde “çärä gatnaşmak” medeniýetiniň döremegi ýaly ýagdaý Türkmenistanyň hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň tankytçylarynyň üns merkezine düşdi. Hökümetiň syýasatyny propagandirlemek üçin mekdep okuwçylarynyň, studentleriň we döwlet edaralarynyň işgärleriniň yzygiderli döwletiň geçirýän çärelerine gatnaşdyrylmagy ilat arasynda hem nägilelikleri döretdi.

Ýurduň halkara abraýyny berkitmekde medeni diplomatiýanyň hem eýeleýän ornuna Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, dürli sebäplere görä Türkmenistany terk etmäge mejbur bolan we daşary ýurtlarda öz milli sungatlaryny dowam etdirýän käbir medeniýet we sungat işgärleriniň unudylýandygyny görmek bolýar.

Olaryň biri Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýaşaýan we döredijilik işini dowam etdirýän Gazagystanyň sungat akademiýasynyň hormatly agzasy, türkmenistanly hudožnik Mommak Kulyýew.

“Ýylda Germaniýanyň içinde, esasan hem Mýunhende bäş-alty sergi edýän. Eden işlerimi halka görkezip, azda-kände Türkmenistany tanadýan. Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty bilen tanyş edýän” diýip, Kulyýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Bar çekýän suratlam, edýän işlerimiň hemmesi türkmen temalary bilen baglanyşykly, türkmen nagyşlary, Türkmenistanyň reňkleri, al-ýaşyl geýnen türkmen gelinleriniň eden keşdeleri bilen baglanyşykly, türkmen halylarynyň nagyşlary bilen baglanyşykly, reňkleri bilen baglanyşykly işler” diýip, Kulyýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Medeni çökgünlik we umytlar

Sowet sistemasynyň dargamagy bilen post-sowet döwletleri, şol sanda Türkmenistan medeniýet we sungat çökgünligine uçrady. Medeniýetiň we sungatyň döredijilik guramalary ýapyldy.

Moskwaly professor Waleriý Fomin kino sungatynyň mysalynda Staliniň döwründen soň “Şükür bagşy” filminiň döremegi bilen, Türkmenistanyň kino sungatynyň ösüş ýoluna düşendigini ýatlap, bu sungatyň häzirki döwürde kynçylyklary başdan geçirýändigine şaýat bolýandydygyny aýtdy.

“Ol ýerde (Türkmenistanda) kino sungatynyň ýagdaýy respublikadaky umumy ýagdaýa bagly diýip düşünýärin. Baý taryhy we tejribesi bolan we kyn döwri başdan geçirýän bu ajaýyp halkyň ýagdaýynyň kadalaşjakdygyna ynanasym gelýär” diýip, Türkmenistana baryp gören we türkmen halkyna aşyk bolan professor Fomin Azatlyk Radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG