Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň resmileri ABŞ-nyň täze kanuny proýektine alada bildirýär


Orsýetiň resmileri Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň göz öňünde tutýan kanunynyň doly kabul edilen halatynda, muňa Moskwanyň talabaýyk jogap berjekdigi bilen duýduryş berdi.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Senatynyň ýörite komissiýasy bu baradaky kanunyň proýektini goldap ses berdi.

Bu täze dokument Sergeý Magnitskiniň ölümine dahylly diýlip hasaplanylýan resmilere garşy wiza gadagançylygyny we olaryň Birleşen Ştatlardaky bank hasaplaryny doňdurmak ýaly çäreleri göz öňünde tutýar.

Orsýetiň ýokary derejeli resmilerini korrupsiýada aýyplap çykyş eden ýurist Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda tussaghanada saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG