Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gongadzäniň aýaly Ýewropa suduna ýüz tutjakdygyny aýdýar


2000-nji ýylda öldürilen ukrainaly žurnalist Georgiý Gongadzäniň aýaly Miroslawa Gongadze ýurduň ozalky prezidenti Leonid Kuçma garşy Ýewropanyň Ynsan Hukuklary boýunça suduna ýüz tutjakdygyny mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Ukrainanyň Ýokary şikaýat sudy žurnalistiň ölümine Leonid Kuçmanyň dahylly däldigini aýdyp, ony aklaýjy höküm çykardy.

Ukrainaly tanymal žurnalist Georgiý Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda ýitirim bolupdy. Aradan birnäçe aý geçenden soň, onuň kellesiz göwresi bir tokaýlygyň içinden tapylypdy.

Ukrainanyň prokuraturasy 1994-2005-nji ýyllar aralygynda ýurda prezidentlik eden Leonid Kuçmanyň beren görkezmeleriniň Gongadzäniň ölümine getirendigini aýdyp, oňa aýyplama bildiripdi. Leonid Kuçma bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG