Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: sungat işgärleri tussaglykdaky üç aktiwistiň aladasynda


Çarşenbe güni orsýetli tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň 100-den gowragy “Pussy Riot” atly hereketiň üç sany agzasynyň tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş edip, ýurduň häkimiýetlerine hat gönderdi.

Bu hatyň teksti “Moskowskiý komsomoles” gazetinde çap edildi. Hata gol goýan köpsanly tanymal adamlaryň hatarynda ýazyjy Boris Akunin, şahyr Dmitriý Bykow, rok aýdymçysy Ýuriý Şewçuk, aktrisa Çulpan Hamatowa we aktýor Ýewgeniý Mironow dagylar-da bar.

“Pussy Riot” atly hereketiň agzalary Nadežda Tolokonnikowa, Ýekaterina Samusewiç we Mariýa Alýohina şu ýylyň martynda Moskwanyň merkezi hristian kelisesinde Putine garşy özboluşly degişme görnüşindäki protest çykyşlary üçin tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG