Sepleriň elýeterliligi

Siriýa meselesi boýunça gyssagly sammit geçiriler


Kofi Annan (sagda) we BMG-niň Siriýadaky synçylar toparynyň başlygy general-maýor Robert Mud (çepde) BMG-niň Ženewadaky edarasynda metbugat konferensiýasynda çykyş edýärler. Ženewa, 22-nji iýun, 2012.

Kofi Annan (sagda) we BMG-niň Siriýadaky synçylar toparynyň başlygy general-maýor Robert Mud (çepde) BMG-niň Ženewadaky edarasynda metbugat konferensiýasynda çykyş edýärler. Ženewa, 22-nji iýun, 2012.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan Siriýadaky wakalar boýunça şu hepdäniň şenbe güni Ženewada gyssagly sammitiň geçiriljekdigini mälim etdi.

Çarşenbe güni bu barada eden çykyşynda ol Siriýa boýunça Hereket Toparyna girýän ýurtlaryň ministrleriniň derejesinde geçiriljek bu sammitde özi tarapyndan teklip edilen alty punktdan ybarat plany doly durmuşa geçirmekligiň ýollary barada pikir alşyljakdygyny aýtdy.

Maglumata görä, şenbe güni geçiriljek bu maslahata BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş sany hemişelik agzasy we Siriýanyň goňşy ýurtlary gatnaşarlar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň bu maslahata Eýranyň-da gatnaşmalydygyny aýdyp çykyş edendigine garamazdan, Eýran bilen Saud Arabystanynyň maslahata çagyrylmandyklary aýdylýar.

Derňew toparynyň netijeleri

Bu wakalaryň fonunda, çarşenbe güni ýörite derňew toparynyň wekilleri BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Geňeşinde çykyş edip, Siriýada prezident Başar al-Assada ygrarly güýçleriň soňky üç aýyň dowamynda ynsan hukuklaryny depeländiklerini, şol sanda “haýykdyryjy derejede” adamlary gyrandyklaryny aýtdylar.

Ýöne, beýleki tarapdan, BMG-niň derňew toparynyň agzalary geçen aý Siriýanyň Houla obasynda öldürilen 100-den gowrak adamyň kimler tarapyndan öldürilendigini anyklap bilmýändiklerini mälim etdiler.

BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Geňeşinde geçirilen bu diňlenişige gatnaşan Siriýanyň ilçisi Faýsal Habbaz-Hamoui bu diňlenişigi “gödek syýasy ýygnanyşyk” diýip atlandyryp, maslahatyň zalyny terk etdi.

Damaskdaky söweşler güýçlenýär

Bu wakalar bilen bir wagtda, çarşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskyň eteginde hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklar has-da güýçlendi.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi ýaragly söweşijileriň Damaskyň etegindäki hökümete tarapdar “Ihbariýa” telewizion stansiýasyna-da hüjüm edip, ondaky ýedi işgäri atyp öldürendiklerini habar berdi.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni prezident Başar al-Assad Siriýany “uruş ýagdaýyndaky yurt” diýip yglan edip, ýurduň täze bellenen hökümetine gozgalanlary basyp ýatyrmak üçin ähli tagallalary gönükdirmeklige görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG