Sepleriň elýeterliligi

Çagalar bagy üçin nobat görgüsi


Gülnäziň aýtmagyna görä wagtal-wagtal bilim bölüminiň öňünde nobata duran ene-atalar bilen resmileriň arasynda dawa-jenjel hem döreýär. Surat: Türkmenabat şäheriniň Bilim bölümi.

Gülnäziň aýtmagyna görä wagtal-wagtal bilim bölüminiň öňünde nobata duran ene-atalar bilen resmileriň arasynda dawa-jenjel hem döreýär. Surat: Türkmenabat şäheriniň Bilim bölümi.

Şu günler Türkmenistanyň welaýat we etrap merkezlerindäki Bilim bölümlerinde körpeleri çagalar baglaryna kabul edişlik dowam edýär. Ene-atalar bolsa çagalaryny çagalar baglaryna ýerleşdirmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Meniň çagam 3 ýaşynda. Çagam doglan badyna, 1-2 günüň içinde ony çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin etrabymyzyň Bilim bölümine arza tabşyrdym. Henizem çagamy ýerleşdirip bilmedim” diýip, Lebap welaýatynyň etraplarynyň biriniň ýaşaýjysy Mamajan aýdýar.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, iýun aýynda başlan çagalary bakjalara kabul edişlik her hepdäniň çarşenbe güni ýörite komissiýa düzülüp, şol komissiýa arkaly amala aşyrylýar.

“Iýunyň 6-synda we 13-inde geçirilen komissiýalarda men çaga degişli dokumentleri tabşyryp bilmedim. Nobatym ýetmedi. 20-sinde geçirilen iň soňky komissiýada-da, nobatym golaýlan bolsa-da, 3-4 sany harby gelenligi üçin meniň nobatym ýetmedi. Harbylary nobatsyz goýberýän ekenler” diýip, Mamajan gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, harbylardan başga-da maýyplar nobatsyz goýberilýär.

“Bilim bölüminiň resmileri çagalar baglarynda ýeriň ýetmeýänligini ençeme gezek gaýtalap aýdýarlar. Eger oba ýerlerinde-de çagalar baglary bolan bolsa beýle kynçylyklar bolmazdy” diýip, Mamajan aýdýar. “Sebäbi obalylar hem çagalaryny etrap merkeziniň çagalar baglaryna berýärler, netijede şäherçäniň çagalarynyň köpüsi üçin ýer ýok”.

Ene-atalaryň sözlerinden çen tutsaň, çagany çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin hökmany suratda çaga edilen sanjymlar we çaganyň saglyk ýagdaýy barada sprawkalar talap edilýär. Emma olaryň aýtmagyna görä, hemme dokumentiň düzüw bolanda-da çagaňy aňsatlyk bilen çagalar bagyna ýerleşdirip bolanok.

“Bilim bölüminiň işgärleriniň eden-etdilikleri zerarly-da köp adamyň asla nobaty ýetmeýär. Komissiýa öz işine irden sagat 9-da başlap, günortan 1-de gutarmaly. Ýöne olar işe 11:30-da başlaýarlar we iki sagat işleýärler” diýip, Galkynyş etrabyndan Gülnäz aýdýar. “Çagasy doglan badyna 3-4 günüň dowamynda bilim bölümine arzasyny tabşyryp hem nobaty ýetmän, çagasy okuw ýaşyna ýeten ene-atalar hem ýok däl”.

Gülnäziň aýtmagyna görä wagtal-wagtal bilim bölüminiň öňünde nobata duran ene-atalar bilen resmileriň arasynda dawa-jenjel hem döreýär.

“Iki-üç ýyldan bäri çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirip bilmän ýören ene-atalaryň sabyr käsesi dolanda resmiler bilen gykylyklaşylýar. Bilim bölüminiň işgärleri polisiýany çagyrýar. Polisiýa-da ýagdaýa düşünip, gykylyk edýän ene-atalara hiç zat edenok. Ýöne durup yzyna gidýär” diýip, Gülnäz aýdýar.

Gülnäz çagasy 4 ýaşyny dolduranda nobatynyň ýetendigini aýdýar.

“Şu çaka çenli aýda 200 manat töläp çagama eneke tutut garadyp ýördüm. Bu nobatda duran ata-eneler hem işli adamlar. Olaryň käbirleri çagaňy ýerleşdirmek üçin 100-150 dollar para bermelidigini-de aýtdylar, ýöne men bu işi etmedim” diýip, Gülnäz sözüni soňlady.

Eýýäm üç ýyldan bäri nobata duran Mamajan iýul aýynda-da ýene çagalar bagyna kabul edişligiň bardygyny aýdýar. “Men iýulda ýene bir sapar geleýin. Belki işim oňuna bolar. Geljekde oba ýerlerinde-de täze çagalar baglary gurular we indiki dünýä injek çagalarymy aňsatlyk bilen olara ýerleşdirerin” diýip, Mamajan umyt bilen sözüni tamamlady.
XS
SM
MD
LG