Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň täze prezidentiniň ofisi Eýranyň agentligini suda bermekçi


Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsiniň administrasiýasy penşenbe güni Eýranyň “Fars” habar agentligini suda berjekdigini mälim etdi.

Müsüriň prezident administrasiýasy Eýranyň bu habar agentliginiň Muhammad Mürsi bilen interwýu geçirendigi barada toslama maglumat ýaýradandygyny aýdýar.

Şu hepde Eýranyň “Fars” habar agentligi Müsüriň täze saýlanan prezidenti bilen interwýu geçirendigini we bu söhbetdeşlikde, hamala, onuň Müsür bilen Eýranyň gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýändigini aýdandygyny ýazdy.

Emma, Muhammad Mürsinin metbugat sekretary Ýasser Ali “Fars” habar agentliginiň Muhammad Mürsi bilen hiç hili interwýu geçirmändigini we onuň bu “interwýu” diýýän zadynyň toslanyp tapylan zatdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG