Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Türkiýäniň medeni günleriniň jemleýji çäresi geçirildi


Çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň medeni günleriniň dabaraly ýapylyşy boldy. Bu jemleýji çärä bagyşlanylyp Mukamlar köşgünde Türkiýäniň we Türkmenistanyň aýdym-saz kollektiwleriniň gatnaşmagynda gala-konsert gurnaldy.

Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň medeniýet we turizm ministriniň orunbasary Abdurrahman Aryjynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite delegasiýa Aşgabada bardy.

Türkmenistanda birnäçe gün dowam eden Türkiýäniň medeni günleriniň bu ýapylyş çäresinde çarşenbe güni Aşgabatdaky “Watan” we “Türkmenistan” kinoteatrlarynda türk filmleriniň görkezilişi-de gurnaldy.
XS
SM
MD
LG