Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň Amerikan Uniwersiteti (AUCA)


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýanyň Amerikan Uniwersiteti bu sebitiň iň abraýly ýokary okuw jaýlaryň biri hasaplanýar. Bu ýokary okuw jaýynda köp ugurlar, ýagny syýasat, maliýe, žurnalistika we beýleki ugurlar boýunça bilim berilýär. Uniwersitetde 15-e golaý milletiň wekilleri bilim alýar. Olaryň arasynda türkmen ýaş oglan-gyzlary hem bar.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Merkezi Aziýanyň Amerikan Uniwersitetiniň talyplar bölüminiň başlygy Larisa Mihaýlowna bilen söhbetdeş bolup, bu ýokary okuw jaýy, oňa girmegiň şertleri barada sorady.

Azatlyk Radiosy: Bilişiňiz ýaly, Türkmenistanda orta mekdeplerde on ýyl bilim berilýär. Öz gezeginde käbir daşary ýurt okuw jaýlary 10 ýyllyk orta bilimi soňra ýokary okuw jaýynda okuwy dowam etdirmek üçin ýeterlik hasaplamaýarlar we aradaky boşlugy doldurmak üçin goşmaça sapaklary almagy talap edýärler. Siziň ýokary okuw jaýyňyza girmek üçin türkmen ýaşlarynyň 10 ýyllyk orta bilimi ýeterlikmi?

Larisa Mihaýlowna: Hawa, türkmen talyplarynyň biziň ýokary okuw jaýymyzda okamak mümkinçiligi bar. Emma Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň talaplaryna göra, türkmen ýaşlary Türkmenistanda orta mekdebi tamamlan dessine biziň uniwersitetimize kabul edilmeýär. Sebäbi biz hem 10 ýyllyk mekdep bilimini ýeterlik diýip kabul edemzok. Ýöne, her niçigem bolsa, bu ýagdaýdan çykalga bar. Türkmen okuwçylary Gyrgyzystandaky mekdeplerde 11-nji synpy okap, gyrgyz mekdebini tamamlandan soň, degişli şahadatnamany alyp, diňe şondan soň biziň uniwersitetimize resminamalary tabşyryp bilerler. Ondan başga-da ABŞ-da mekdebi gutaran ýaşlar, gyrgyz mekdeplerinde okaman, biziň uniwersitetimiziň giriş ekzamenlerine gatnaşyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Giriş synaglary haýsy sapaklardan tabşyrylýar? Olara gatnaşmak üçin haýsy resminamalary hödürlemeli, şeýle-de muny haçana çenli bitirip bolýar?

Larisa Mihaýlowna: Biziň uniwersitetimize girmek isleýän talyplar üç sapak boýunça synag tabşyrmaly. Ýagny, bular: matematika, iňlis dili we düzme. Giriş synaglary her ýyl ençeme gezek geçirilýär. Birinji synag fewral, galanlary bolsa mart, aprel, iýun we iýul aýlarynda. Abiturientleriň giriş synaglaryna birnäçe gezek gatnaşmaga mümkünçilikleri bar. Onsoň talyplaryň arasynda iň gowy netijeleri görkezenler okuwa kabul edilýär. Bu ýylyň hasabyna iň soňky giriş synagy 2-nji iýulda geçiriler.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňiz türkmen okuwçylaryna giriş synaglaryny tabşyrmaga gelmekleri üçin çakylyk hatyny ugradýarmy?

Larisa Mihaýlowna: Ýok, synaglary tabşyrmaga geljek okuwçylara çakylyk haty ýollanmaýar. Ol diňe ýokary okuw jaýymyza kabul edilen talyplara iberilýär. Synaglary tabşyrmak üçin Gyrgyzystana geljek abiturientler turistik wizasy bilen gelip, synaglary tabşyryp, öýlerine dolanyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Giriş ekzamenlerinde gazanylan ýokary netijeler studentiň maliýe goldawyny almaklygyna kömek edýärmi? Türkmenistanyň raýatlary üçin maliýe kömegi barmy?

Larisa Mihaýlowna: Maliýe kömegi synagyň netijelerine bagly bolman, bu esasan talybyň maşgala ýagdaýyna, ýagny onuň girdeji mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp berilýär. Ýöne ondan başga-da uniwersitetimizde bölekleýin stipendiýa, doly maliýe hemaýatyny alyp okaýan okuwçylar hem örän köp. Tapawutlanan okuwçylara uniwesitetimizde “Open Society Institute” yagny, Açyk Jemgyýet Institutynyň doly maliýe hemaýaty-da berilýär. Tükmen okuwçylary hem şol mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Ýokary okuw jaýyňyzyň talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýy barmy ýa-da daşary ýurtdan gelen talyplaryňyz ýaşaýyş jaýlarynda kireýine ýaşamaly bolýarlarmy?

Larisa Mihaýlowna: Ýok, uniwersitetimiziň umumy ýaşaýyş jaýy ýok, ýöne ol gurlup ýör. Şonuň üçin daşary ýurtly talyplarymyz häzirlikçe ýaşaýyş jaýlarynda kireýine ýaşamaly bolýarlar. Biziň talyplar üçin ýaşaýyş jaýyny tampaga kömek edýän ýörite bölümimiz hem bar.

Azatlyk Radiosy: Talyplaryň goşmaça maglumatlary alyp bilmegi üçin siz uniwersitetiň websalgysyny we telefon nomerlerini aýtsaňyz?

Larisa Mihaýlowna: Biziň bilen habarlaşmak üçin telefon salgylarymyz: +996312661089 we +996312661119. Websalgymyz: auca.kg. Resminamalaryňyzy we soraglaryňyzy e-mailymyza hem iberip bilersiňiz. Email salgymyz hem: admissions@mail.auca.kg
XS
SM
MD
LG