Sepleriň elýeterliligi

“Awaza” syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa taýdan Hazaryň iň arassa kenarynda ýerleşýändigi barada türkmen metbugatynda häli-şindi maglumat berilýär. Deňziň “Awaza” degişli bölegine seredeniňde, bu aýdylany inkär edere sebäbem ýok.

Emma “Awazadan” sähelçe uzaklaşyp Türkmenbaşy aýlagynyň kenaryna barsaň weliň, hapa-hupa dökülip, Hazaryň köpükläp ýatan bölegi gözüňe ilýär. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, onuň sebäbi töwerekde ýerleşýän şäheriň lagym ulgamynyň hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň galyndalarynyň deňze dökülmegidir.

Orta mekdebiň mugallymy, özüni Goçmyrat diýip tanadan ýerli ýaşaýjy bu ýagdaýa uzak wagtdan bäri syn edip gelýän şäherlilerden biri. 47 ýaşly Goçmyrat mugallym hem bu aýlaga Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik galyndylarynyň hem-de şäheriň lagym suwlarynyň akdyrylýandygyny tassyklady.

Bu aýlagyň kenarynda Türkmenbaşy we Çarlak atly kaşaň myhmanhanalar ýerleşýär. Bu myhmanhanalaryň aýlagyň kenarynda ýörite suwa düşülýän kenarlary, plýažlary bar. Emma suwa düşýän adam az.

“Türkmenbaşylylar bu aýlagda suwa düşmeýärler, esasan, deňziň bu bölegine biziň şäherimize turist bolup gelýänler girýärler, olara bu aýlagyň ýagdaýy barada ýeterlik maglumat berilmeýän bolmaly, ýerli halkyň arasynda-da bu barada o diýen gürrüň edilmeýär” diýip, Goçmyrat mugallym aýdýar.


Türkmenbaşy aýlagyna guýulýan hapa suwlar bilen birlikde Hazaryň kenaryndaky syýahatçylyk zolagyna ýaramaz täsirini ýetirip biläýjek başga ýagdaýlaram bar. Olardan biri hem Türkmenbaşynyň käbir böleklerini gaplap alan ýakymsyz ys.

Türkmenbaşylylaryň eýýäm öwrenişen bu ysyny şäheriň myhmanlary dessine duýýarlar. Ýanan gazyň ýa-da plastmassanyň ysyna çalymdaş bu ys Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna golaýlaşdygyňça has-da güýjeýär.

“Bu ys şähere ýeliň öwüsýän tarapy boýunça ýaýraýar. Bu ys käwagt “Awaza” hem ýetýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tarapyndan gelýän bu ysa biz öwrenişip gitdik” diýip, Goçmyrat aýdýar.

Beýik Watançylyk urşy döwründe Tuapseden ewakuasiýa edilip getirilen bu zawodlar toplumynyň gurluşygy 1942-nji ýylda başlanyp, eýýäm 1943-nji ýylda bu zawodda öndürilen benziniň ilkinji tonnalary fronta iberilip başlanypdyr.

Bu zawodlar toplumy Türkmenbaşy şäheriniň içinde ýerleşip, “Awaza” syýahatçylyk zolagyndan takmynan 15 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu ys Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen öndürýän zawodyň açylmagyndan soň döräpdir. Ýerli lukmanlaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, onuň täsiri adam saglygy üçinem zyýanly.

“Aýdylşyna görä, şol wagt zawod polipropilen önümçiliginiň galyndylaryny asmana goýberýär. Şäheriň lagym ulgamynyň işgärleriniň hem edil şol wagt lagym suwlaryny Türkmenbaşy aýlagyna akdyrýanlygy aýdylýar” diýip, Goçmyrat bu ysyň daňdan sagat 4-lerde başlap, hasam erbet duýulýandygyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG