Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seks turizmi Gara deňiz obasyny gazaba mündürýär


Ýerli raýatlaryň habar bermeklerine görä, birwagtlar asuda bolan Gonio obasy indi jelepçiligiň mesgenine öwrülipdir.
Ýerli raýatlaryň habar bermeklerine görä, birwagtlar asuda bolan Gonio obasy indi jelepçiligiň mesgenine öwrülipdir.

Häzir Gürjüstanyň ajaýyp Gonio obasy Türkiýeden we beýleki ýurtlardan ten satmaga gelýän turistler üçin möhüm ýere öwrüldi. Ýerli raýatlar köpüsi Merkezi Aziýadan we Demirgazyk Kawkazdan bolan aýal-gyzlaryň tomusda jelepçilik etmek üçin bu ýere gelýändiklerini aýdýarlar. Olaryň agalabasynyň bu işi etmäge mejbur edilýändigi aýdylýar.

Her ýyl tomus aýlary müňlerçe turistler Gara deňziň kenaryndaky özüniň ajaýyp plýažy bilen giňden tanalýan Gonio obasyna dynç almaga barýardylar. Emma soňky ýyllarda ol ýere barýan daşary ýurtly turistleriň düýbünden başga niýetiniň bardygy aýdylýar.

Ýerli raýatlaryň habar bermeklerine görä, birwagtlar asuda bolan bu oba indi jelepçiligiň mesgenine öwrülipdir. Çünki tomus aýlary Merkezi Aziýadan we Demirgazyk Kawkazdan müňlerçe aýal-gyz Gonio obasyna barýar.

Bu obada jelepçilik bilen meşgullanýanlara türkiýeli erkekler gözegçilik edýärler. Sebäbi olaryň Gürjüstana barmagy üçin wiza gerek däl. Gonio obasy Gürjüstanyň Türkiýe bilen serhedinden bary-ýogy 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ýerli raýatlar ýarym-ýalaňaç aýal-gyzlaryň müşderi gözläp, köçelerde arkaýyn aýlanyşyp ýörendiklerini we obanyň esasy köçesinde ulag saklaýandyklaryny aýdyp, zeýrenýärler.

Gonio obasynda Merkezi Aziýadan gelip, jelepçilik bilen meşgullanýan zenanlar, 27-nji iýun.
Gonio obasynda Merkezi Aziýadan gelip, jelepçilik bilen meşgullanýan zenanlar, 27-nji iýun.
“Adjar sebitindäkileriň her biri biziň Gonio obamyzyň nähili problema bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny gowy bilýär. Özbegistanly zenanlar obada aýlanyşyp ýörler we daş-töwereginde çagalaryň bardygyna asla üns bermeýärler. Olar türkler bilen Goniony belki-de, bütin Batumini eýelediler” diýip, Gonionyň bir ýaşajysy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bary-ýogy 3 müň ilaty bolan kiçijik Gonio obasynda jelepçiligiň ösendigini ret etmek mümkin däl. Ýerli raýatlar hapa ýola duşenleriň obada bolmagynyň özleriniň milli duýgusyny juda kemsidýändigini we milli däp-dessurlaryny bozýandygyny aýdýarlar.

Gonionyň ýene-de bir ýaşaýjysy Mamuka Malahmadze şeýle diýýär: “Türkleriň pikiriçe, ähli zenanlar olara meňzeýärler. Emma biz örän namysly adamlar we eger kimdir biri biziň aýallarymyza ýa-da goňşymyz bolan aýal-gyzlara lak ataýsa, onuň başy gowgaly bolar. Eýse, näme üçin biz obamyzda şeýle zatlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly?”

Hökümeti aýyplaýarlar

Ýerli raýatlar Gürjüstanyň hökümetini Gonioda ösen jelepçilige “göz ýumýanlykda” aýyplaýarlar. Olar jynsy gatnaşyk etmek üçin bu oba gelen turistlere garşy yzygiderli piket geçirýärler. Golaýda 450 çemesi adam ýerli häkime, Adjar sebitiniň häkimine we prezident Mihail Saakaşwiliniň edarasyna şikaýat ýollady.

Emma häkimiýetler käbir çäreleri gördüler. Polisiýa işgärleri reýd geçirseler-de, elleri boş dolandylar. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, tenini satýanlar reýd geçirilmezden öň sanlyja minudyň içinde hapa işlerini yz galmaz ýaly gowy arassalaýarlar. Ýerliler polisiýanyň jelepçilik edýänler bilen ilteşiklidigini hem aýdýarlar.

Golaýda Gürjüstanyň sudy bir erkek adamy Adjar sebitinde jelepçilige dahyllylykda aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Şu hepde Gonioda asly azerbeýjanly bir zenana jelepçilik edendigi üçin 60 dollara deň jerime salyndy we ol Gürjüstandan deportasiýa edildi.

Maglumatlara görä, Gonioda käbir aýal-gyzlar jelepçilik bilen meşgullanmaga mejbur edilýärler. Ýakynda Adjarda jelepçilige dahyllylykda aýyplanan erkek adam özbegistanly zenany çaý öndürýän zawoddan iş tapyp bermegi wada berip, aldawa salanlykda aýyplandy. Sudýanyň aýtmagyna görä, ol özbegistanly zenanyň jelepçilik etmegi üçin ony fiziki taýdan gynapdyr.

Geçen aýda gyrgyzystanly zenan Gonioda öz janyna kast edenden soňra, bu obada jelepçilik edýänleriň biznesi baradaky problema ýene-de gozgaldy.

Geçen ýyllarda Gürjüstan öz territoriýasynda adam gaçakçylygynyň öňüni almak üçin derňewleri geçirdi, onuň pidalary üçin merkezleri açdy we adam gaçakçylygyň öňüni almak barada türgenleşikleri gurnady.

19-njy iýunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň adam gaçakçylygy barada ýaýradan hasabatynda Gürjüstan adam gaçakçylygynyň öňüni almak üçin minimal ölçegleri doly berjaý edýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Ýöne adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiriniň pikiriçe, Gonioda giň ýaýran jelepçilik Gürjüstanyň jynsy zorlugyň we adam gaçakçylygynyň öňüni almak baradaky borçnamalaryny berjaý edýändigine şübhe döredýär.
XS
SM
MD
LG