Sepleriň elýeterliligi

Tähran Siriýadaky zorlukda daşary ýurtlulary aýyplaýar


Eýranyň BMG-däki ilçisi Mohammad Khazaee

Eýranyň BMG-däki ilçisi Mohammad Khazaee

Eýranyň BMG-däki ilçisi Mohammad Khazaee 27-nji iýunda Nýu-Ýorkda eden çykyşynda Siriýadaky zorlukda daşary ýurtlulary aýyplap, oňa Eýranyň hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýtdy. Şeýle hem ol Eýranyň Siriýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga araçy hökmünde gatnaşmaga taýýardygyny bildirdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň regionda oýnaýan konstruktiw roly baradaky örän möhüm fakty hiç kim äsgermezlik edip bilmez. Şeýle-de bolsa käbir güýçler Eýranyň täsirinden hem konstruktiw rolundan peýdalanmak islemeseler, bu olaryň öz problemasy” diýip, Khazaee aýtdy. “Bu ýagdaý bolsa hakykatyň inkär edilmeginiň ýene bir alamatydyr. Meniň pikirimçe, Siriýadaky krizisden çykalgany diňe hemme taraplaryň, hususan-da regiondaky möhüm oýunçylaryň hyzmatdaşlygy esasynda tapyp bolar”.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan Siriýadaky wakalar boýunça şu hepdäniň şenbe güni Ženewada gyssagly sammitiň geçiriljekdigini mälim edeninden soň, Eýranyň BMG-däki ilçisi çykyş edip, öz nägileligini bildirdi.

Eýran çagyrylmady

Ýakynda Kofi Annan 30-njy iýunda Siriýa barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Siriýanyň goňşulary bolan Türkiýanyň, Yragyň, Kuweýtiň hem Kataryň gatnaşmagynda Brýusselde maslahatyň geçiriljekdigini yglan etdi. Ýöne ol Siriýanyň goňşularynyň hatarynda Eýrany agzamady.

Eýranyň BMG-däki ilçisi, bu maslahata Eýrany çagyrman, Günbataryň Siriýany äsgermezlik edýändigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ženewadaky duşuşygyň Siriýa meselesinde “öwrülişik pursaty” boljakdygyna ynam bildirdi. Ol syýasy özgertmeleri öz içine alýan Kofi Annanyň täze planynyň Başar al-Assada edilýän basyşy artdyrmagynyň mümkindigini belledi.

Siriýada bolsa zorluklar dowam edýar. Çarşenbe güni Damaskyň golaýynda hökümete degişli telewideniýäniň binasyna edilen hüjümiň netijesinde 7 adamyň öldürilendigi habar berildi.

Siriýanyň maglumatlar ministri Orman al-Zubi bu hüjüm bilen bagly eden çykyşynda şeýle diýdi: “Olar siriýaly žurnalistleri hem raýatlary öldürip, hakyky gyrgynçylyga ýol berdiler. Şeýle hem olar howpsuzlyk işgärlerini hem girelgedäki işgärleri öldürdiler”.

Ak Tam hem bu hüjümi ýazgardy.

Iki tarap hem aýyplanýar

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýadaky ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän toparyň beren maglumatlarynda 27-nji iýunda tutuş Siriýa boýunça 150 çemesi adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde Siriýadaky hökümet goşunlary bilen bir hatarada gozgalaňçylar hem adam hukuklaryny bozmakda aýyplandylar.

Geçen hepde Damaska ýaşyryn sapar eden bu Geňeşiň baş derňewçisi Paulo Pinheiro özleriniň derňewiniň netijesinde asuda ilatyň öldürilmegine hökümet goşunlarynyň hem hökümeti goldaýan ýaragly toparlaryň dahylynyň bardygynyň anyklanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da Paulo Pinheiro oppozisiýanyň güýçlerini hökümet goşunynyň esgerlerini hem hökümeti goldaýar diýlip güman edilýän adamlary gynamakda hem öldürmekde aýyplady.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary boýunça halkara Human Rights Watch guramasy Siriýanyň häkimiýetlerini Iordaniýa hem beýleki goňşy ýurtlara gaçýan adamlary “parh etmezden oka tutmagy” bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG