Sepleriň elýeterliligi

Yragyň dürli şäherlerindäki hüjümlerde azyndan 12 adam öldi


Yragyň resmileri ýurduň Bagdat, Taji we Samarra şäherlerinde amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 12 adamyň ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu wakalardan birinde Bagdatdaky esasy söwda bazarlaryndan birinde maşyna ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde 8 adam ölüp, 30 töweregi adam ýaralanypdyr.

Bagdatdan 25 kilometr töweregi demirgazykda ýerleşýän Taji şäherinde hem şu gün iki sany ýeňil maşyn partladylanda, azyndan 2 adamyň ölüp, 15 töweregi adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG