Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa bosgunlara pena bermekligi ýatyrmak meselesine garaýar


Penşenbe güni Awstraliýanyň parlamenti daşary ýurtlulara syýasy gaçybatalga bermekligi ýatyrmalymy ýa-da ýatyrmaly däldigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşyp başlady.

Deputatlaryň bir topary tarapyndan öňe sürlen täze kanunyň proýekti gämi arkaly daşary ýurtlardan ýüzüp gelýän bosgunlary dessine başga ýurtlara ugratmaga Awstraliýanyň hökümetine ygtyýar bermekligi göz öňünde tutýar.

Awstraliýanyň premýer-ministri Juliýa Gillard parlamentiň deputatlaryny tomusky dynç alşa gitmezlerinden öň, bu kanunyň proýektini goldap ses bermeklige çagyrdy.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde aglabasy owganystanly diýlip hasaplanylýan bosgunlardan doly bir gämi deňziň üsti bilen Awstraliýa barýarka, suwa agdarylanda, ondaky 90-dan gowrak adam bu wakanyň pidasy boldy.
XS
SM
MD
LG