Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde ýewro zonanyň maliýe problemalary maslahat edilýär


Ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň maliýe problemalaryna bagyşlanyp, penşenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň iki günlük sammiti açyldy.

Bu maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň bergilerini birleşdirmelimi hem-de bilelikde “ýewro obligasiýalaryny” satuwa çykarmalymy diýen mesele boýunça maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Käbir analitikler şu gürrüňi edilýän çäreleriň işe girizilen halatynda, onuň ykdysady taýdan gowşak ýurtlaryň bergi ýüklerini ýeňilleşdirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Şeýle çäräniň ulanylmagyny Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland goldasa, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel muňa garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG