Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe öz harby güýçlerini serhet ýakalaryna çekýär


Türkiýäniň Hataý şäherinde harby tehnikalar Siriýa bilen aradaky serhetlere tarap barýar. Hataý, 28-nji iýun, 2012.
Türkiýäniň Hataý şäherinde harby tehnikalar Siriýa bilen aradaky serhetlere tarap barýar. Hataý, 28-nji iýun, 2012.
Penşenbe güni Türkiýe Siriýa bilen öz serhet ýakalaryna özüniň harby tehnikalaryny we howadan goranyş raketalaryny çekip başlady. Türkiýäniň hökümet resmileri bu çäreleri “ätiýaçlyk çäresi” diýip atlandyrýarlar.

Bu wakanyň öňýany, 22-nji iýunda Siriýanyň harby güýçleri Orta ýer deňziniň kenar ýakasynda Türkiýäniň bir harby uçaryny atyp, suwa gaçyrypdylar.

NATO bileleşigine agza Türkiýäniň bu bileleşikdäki ýaranlary bu ýüze çykan konfliktde Türkiýäni tutanýerli goldap çykyş etdiler.

“Ankara indi göz ýumup bilmez”

Bu wakanyň yzy bilen eden çykyşynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan öz ýurdunyň Siriýanyň harby güýçleri tarapyndan Türkiýäniň serhetleriniň bozulmalaryna mundan beýläk çydam etmejekdigini aýtdy.

Şeýle hem, ol soňky günler Siriýanyň wertolýotlarynyň azyndan bäş gezek Türkiýäniň serhetlerini bozup, bu ýurduň territoriýasyna geçendiklerini belledi we bular ýaly serhet bozmalalara Ankaranyň indi göz ýumup bilmejekdigini nygtady.

Soňky günler Siriýanyň režiminiň zorluklaryndan gaçyp, Türkiýäniň territoriýasyna geçen oppozision söweşijileri we bosgunlary nyşana alyp, Siriýanyň goşunlarynyň serhediň üstaşyry artilleriýa oklaryny atandyklary-da habar berildi.

Damaskda ýagdaý dartgynlaşýar

Bu wakalaryň fonunda penşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskyň merkezinde, Adalat köşgüniň golaýynda uly bir partlama amala aşyryldy. Siriýanyň döwlet telewideniýesi bu wakada “terroristleri” aýyplady.

Soňky wagtlar ýurduň prezidenti Başar al-Assad öz režimine garşy gozgalaň turzan adamlary “terrorist” diýip atlandyryp gelýär.

Soňky üç gün bäri Damaskyň eteklerinde hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň güýçli depginde söweş alyp barýandyklary barada-da maglumatlar gelip gowuşýar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we Siriýa meselesi boýunça Hereket Toparyna girýän ýurtlaryň wekilleri 30-njy iýunda Siriýadaky meseleler boýunça ýörite maslahat geçirmekligi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG