Sepleriň elýeterliligi

Pensioner ene Baýramaly sanatoriýasy barada


Baýramaly sanatoriýasyna ýurduň ähli künjeklerinden adamlar saglygyny dikeltmäge gelýärler.

Baýramaly sanatoriýasyna ýurduň ähli künjeklerinden adamlar saglygyny dikeltmäge gelýärler.

Mary welaýatynyň Baýramaly sanatoriýasyna ýurduň ähli künjeklerinden adamlar saglygyny dikeltmäge gelýärler. Ol ýurda belli meşhur sanatoriýa hasaplanýar.

Bu ýere gelýänleriň ýylyň dowamynda yzy üzülmeýär. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň ýaşaýjysy, özüni Gülbahar Söyünjiýewa diýip tanyşdyran pensioner ene hem bar. Azatlyk Radiosy 60 ýaşly bu pensioner zenan bilen söhbetdeş boldy.

G. Söyünjiýewa: Biz Baýramaly sanatoriýasyna dynç almaga geldik. Bu sanatoriýada gözegçilik gowy, dogry ýola goýlupdyr. Iýmitleri diýetiçeskiý gowy naharlar, bizler ýaly garrylar üçin ýeňil naharlar. Ýatak jaýlarynda hemme zatlar tämizlenipdir. Tualetler, kondisionerler, telewizorlar, diwanlar – hemme zatlar oňat. Arassa jaýlar. Häli-şindi hal-ýagdaýlarymyzy sorap, wraçlaram üstümizden aýlanyp durlar. Örän gowy. Sag bolsun.


Azatlyk Radiosy: Sanatoriýa dynç almaga gelýänler köpmi?

G. Söyünjiýewa: Örän köp. Nobata durup ýer aldyk. Halkam gaty şat-da şu ýerde bolanyna, gezenine. Edil bizler bar-a şu ýerde günümize iki ýaşadyk. Gülüşip, oýnaşyp, degşip, Hudaýa şükür, keseller ýatdan çykdy. Bejergem gaty gowy, haýsy gapa barsaň, eliňden tutup, gowy hoş söler bilen garşylap dur dogtorlar. Sag bolsunlar.

Azatlyk Radiosy: Nähili bejergileri alýaňyz?

G. Söyünjiýewa: Böwrek bejergisini alýas, aýagagyrymyza alýas, nerwimize alýas. Onsoň ýodly jaýa girýäs, gipnoza girýäs. Onsoň aýagymyz üçin massaž alýas. Suw basseýnlerine girýäs. Näme diýseň, garaz bar-a, dabanyňdan depäňe çenli bejermäge şu ýerde hemme zatlar bar eken-dä. Niräm agyrýar diýseň, şo ýeriň üçin işläp durlar. Esasam howasy, munuň çägesi jana örän ýakymly. Biz çägä girip ýatamyzda ýa güne ýatanymyzda şeýle peýda berýä-dä. Bizde hiç hili yza galmady. Gelenimize şu gün alty-ýedi gün boldy bar-a, dogrymy aýtsam men on güni az görýän, gidesim gelenok. On bäş günde dolanasym gelýä. Gaty minnetdar.

Azatlyk Radiosy: Bejergi alýan ýerleriňizde nobatlar köpmi?

G. Söyünjiýewa: Bejergi alýan ýerlerimizde gaty nobat köp. Adam sany köp-dä munuň, onsoň nobadam köp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Şo nobatlary ýeňilleşdirmek üçin näme edilse gowy boljak?

G. Söyünjiýewa: Nobaty ýeňilleşdirmek üçin, şol ýaňky ýodly jaýa girýäň-dä. Şol ýodly jaýy iki etseler gowy boljak. Massažlar üç ýerde bar, ýöne şolaryň sany ýene köpeldilse, bize gowy boljak. Adam sany köp-dä.

Azatlyk Radiosy: Başga nirde nobatlar köp?

G. Söyünjiýewa: Başga şonuň haýsy gapysyna barsaňam nobatlar köp. Nobatsyz ýerik men-ä entek giremok, ýöne sany köpeldilse gowy boljak. Gowy seredilýär.

Azatlyk Radiosy: Lukmanlaryň edýän hyzmaty nähili? Olardan siz hoşalmy?

G. Söyünjiýewa: Hawa, hoşal, sag bolsunlar. Gaty hoşal.

Azatlyk Radiosy: Naharhanalaň hyzmatlary göwnejaýmy?

G. Söyünjiýewa: Naharhananyň hyzmatlary gaty göwnejaý. Şu, neme, ýeňil naharlar bizler üçin gaty gowy-da, ýeňil naharlar. Bizlere, dişsiz garry adamlar üçin gaty gowy edip oňarylypdyr. Üç-dört dürli nahar, sagadymyz ýetäýençä, şol naharlar siňäýenok. Üç-dört dürli naharlar, gapdalynyň kompoty, gatygy, salady, mele-myssyjak çöregi, her hilije naharlar biziň janymyza param, şypa berýär.

Azatlyk Radiosy: Sagly ätiýaçlyk pasportyňyz barmy?

G. Söyünjiýewa: Sagly ätiýaçlyk pasportymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Şoň üsti bilen siziň alan putýowkaňyz näçe durdy?

G. Söyünjiýewa: Bir million sekiz ýüz.

Azatlyk Radiosy: Şu bahany elýeterli hasaplaýaňyzmy?

G. Söyünjiýewa: Hasaplaýas biz-ä. Sag bolsun prezidentimiz, pensiýa berýä. Ýetýä. Kanagatlanýan men.

Azatlyk Radiosy: Putýowkaňyzyň daşyndan edilmeli töleg barmy?

G. Söyünjiýewa: Öz islegiň boýunça daşyndan töläp bejerdesiň gelse – bar. Men ýöne öz wraçymyň görkezmesi boýunça leçeniýe alýan. Öz şol pasportymyň içindäki leçeniýäni alýan, daşyndan alamok. Gerek bolsa, isleseň, baryp ýazdyryp alyp bilýäň.

Azatlyk Radiosy: Siz şu ýerde ilkinji dynç alşym diýdiňiz. Gaýtalap şu ýere gelmek höwesiňiz barmy?

G. Söyünjiýewa: Nesip bolsa, her alty aýdan gelmek meň ýüregimde höwesim bar. Nesip bolsa geleris, enşalla.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG