Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan birnäçe ilçisini çalyşdy


Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hökümet maslahatynda, Aşgabat, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hökümet maslahatynda, Aşgabat, 2010-njy ýyl.

Türkmenistan daşary ýurtlardaky birnäçe ilçisini çalyşdy. Ilçiler soňky bir aýyň dowamynda ikinji gezek toparlaýyn çalşyrylýar. Maý aýynyň aýagynda Türkmenistanyň Belarusdaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky ilçileri täzelenipdi. Yzýany ýurduň Orsýetdäki ilçisi Germaniýa iberilip, onuň ýerine täze ilçi bellenipdi.

26-njy iýunda bolsa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Owganystandaky ilçisini Pakistana ilçi edip belledi, onuň ýerine bolsa Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsulyny Owganystana ilçi etdi we oňa Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesini berdi. Ýaňy ýakynda Orsýetden Germaniýa geçirilen ilçi Halnazar Agahanowa Türkmenistanyň Latwiýa respublikasyndaky diplomatik missiýasy hem goşmaça tabşyryldy.

Türkmenistanyň diplomatik edaralaryndaky şeýle köpçülikleýin özgerişliklere näme sebäp bolup biler? Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa regional bilermen, Orsýetiň Umumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan regionlary boýunça bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň birnäçe ýurtlardaky ilçilerini yzygiderli çalyşmagynyň sebäbini siz nämede görýärsiňiz?

Artýom Ulunýan: Bu ýerde iki meseläni göz öňünde tutmak mümkin. Bir tarapdan, diplomatlaryň çalşylmagy adady bir ýagdaý bolup durýar. Täze kadrlar ýetişýär we diplomatik korpusy täzelenip durýar. Emma meseläniň syýasy tarapy hem bar. Türkmenistanyň çalşyran ýokary derejeli diplomatlarynyň ählisi Ýewraziýa regionynda işläpdi. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ýewraziýa regionyna, şol sanda postsowet giňişliginde bolup geçýän ýagdaýlara uly ähmiýet berýändigini gözkezýär.

Azatlyk Radiosy: Diplomatlaryň çalşyrylmagynyň ýurduň daşary syýasaty bilen nähili baglanyşygy bar?

Artýom Ulunýan: Häzirki ýagdaýda Daşary işler ministliginiň özünde-de özgerişlikleriň boljagyny çak etmäge esas bar diýip, pikir edýärin. Aýratynam bu ýurduň daşary syýasatynyň belli bir ugurlaryna jogapkär ýolbaşçylara degişli bolup biler. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň ilçileriniň arasyndaky soňky çalşyga diplomatik öwrülişik hökmünde bolmasa-da, Daşary işler ministliginiň merkezi apparatynyň düzümine täsir ýetirip biljek wajyp pursat hökmünde garamak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ilçileriniň çalşyrylmagy bilen ýurduň daşary syýasatynda nähili özgerişliklere garaşmak mümkin?

Artýom Ulunýan: Ýurduň daşary syýasatynda Orsýet, ABŞ ýa Ýewropa babatynda uytgeşikliklere garaşmak üçin esas görmeýärin. Emma Türkmenistanyň öz serhetlerine golaý giňişliklerde we dünýäde bolup geçýän wakalara üns bilen syn edýänligini bellemek gerek. Hususan-da Eýranyň daşyndaky ýagdaý we arap ýurtlarynda bolup geçýän özgerişlikler Türkmenistanyň belli bir ugurlarda has berk pozisiýa eýelemegine getirip biler.

Azatlyk Radiosy: Siz ilçileriň çalşyrylmagynyň diplomatlaryň arasyndaky adaty bir ýagdaýdygyny aýtdyňyz, Türkmenistandaky ýagdaý dünýädäki tejribelere nä derejede gabat gelýär?

Artýom Ulunýan: Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň başga hiç bir ýurt bilen, hatda postsowet giňişliginde-de hiç bir ýurt bilen deňeşdirip bolmajak öz aýratynlyklary bar. Ýurduň diplomatlary häkimiýet başyndaky belli bir toparlara garaşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Käte diplomatlaryň wezipelerindäki ösüşi olaryň bilim derejesine ýa diplomatiýa taýdan üstünliklerine bagly bolmaýar. Häzirki çalşyk barada aýdylanda, täze bellenenleriň ýurt ýolbaşçylaryna ýakyn toparlara degişlidigini çak etmäge esas bar.

Azatlyk Radiosy: Dünýäde ilçileriň bellenmegine degişli nähili aýratynlyklar bar?

Artýom Ulunýan: Käbir tejribeler bar. Hususan-da käbir döwletler belli bir ýagdaýlarda özleriniň ýokary derejeli diplomatik wekillerini ol ýa beýleki ýurtda uzak wagtlap saklamaga çalyşýarlar. Sebäbi bu ilçiniň şol ýurduň ýolbaşçylary we jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmagyna we şol ýurtdaky roluny güýçlendirmegine mümkinçilik berýär. Ýeri gelende bellesek, diplomatiýada duaýen diýen düşünje bar, ýagny bu formal bolmadyk dereje ol ýa beýleki ýurtdaky diplomatik missiýalaryň arasynda iň uzak wagtlap saklanan diplomata berilýär. Taryhdan mysal getirsek, öňki Sowet Soýuzynyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Anatoliý Dobrynin şeýle derejä eýe bolupdy. Bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlanmagyna oňyn täsir ýetiripdi. Emma Türkmenistan barasynda aýdylanda, ýurduň hiç bir diplomatynyň halkara derejesinde meşhurlyk gazanmanlygyny bellemek gerek.

Azatlyk Radiosy: Muňa näme sebäp bolýar diýip pikir edýärsiňiz?

Artýom Ulunýan: Türkmenistanyň diplomatlarynyň aglaba köpüsi halkara guramalarynyň duşuşyklaryna gatnaşmaýar. Üstesine, türkmen diplomatlarynyň arasynda diplomatik edaranyň çinownikleri ýa-da ýörte gulluklary bilen bagly adamlar köp. Türkmen diplomatlarynyň halkara guramalary we Türkmenistanyň ýolbaşçylary derejesinde kabul edilýän kararlara täsir ýetirip bilmeýänligi we özleriniň işleýän ýurtlarynda şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ynamdar gatnaşyklary ýola goýup bilmeýändikleri Türkmenistan üçin uly ýalňyşlyk, diýip hasap edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG