Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän ÝHHG-niň Akademiýasy magistratura derejesinde bilim berýän regional merkez bolup, onda talyplar üçin ýörite okuw we maliýe şertleri döredilýär. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew ÝHHG-niň Akademiýasynyň ylmy işler boýunça ýolbaşçysy Çolpon Osmonalyýewa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, ilki bilen Akademiýaňyz barada umumy bir maglumat berseňiz?

Çolpon Osmonalyýewa: ÝHHG-niň Bişkekdäki Akademiýasy gyrgyz hökümeti bilen ÝHHG-niň arasyndaky baglaşylan özara düşünişmek baradaky Memorandumyň esasynda iş alyp barýar. Biziň Akademiýamyz hem gyrgyz tarapynyň hem-de ÝHHG-niň gatnaşmagynda döredildi.

Akademiýamyzyň regional derejesi bar we bize Merkezi Aziýanyň döwletlerinden gelip okaýarlar.

Akademiýa 2002-nji ýylda döredilende onuň diňe bir magistratura programmasy bardy. Ýagny, ol “Syýasat we howpsuzlyk” programmasydy. Nygtap geçesim gelýär, bu programma diňe Merkezi Aziýanyň syýasatyna gönükdirilen.

Geçen ýyl hem özara ylalaşyp, biz täze bir ugur boýunça magistratura programmasyny ýola goýduk. Ol hem “Ykdysady dolandyryş we ösüş” programmasy. Bu programmamyz boýunça biz eýýäm Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşaýjylaryna bilim berip başladyk.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, siz diňe magistratura boýunça programmalaryňyzyň bardygyny aýtdyňyz, mundan başga hiç hili okuw mümkinçilikleri ýokmy? Sapaklar haýsy dilde alnyp barylýar?

Çolpon Osmonalyýewa: Biziň Akademiýamyzda ýaňky agzap geçen iki magistratura programmamyzdan başga-da, ýörite tälim beriş sapaklary, ylmy-barlag işleri we konferesiýalar geçirilýär.

Sapaklar aglaba diňe iňlis dilinde geçirilýär. Ýöne käbir dersler rus dilinde alnyp barylýar. Ýöne, esas hökmünde iňlis dili alynýar.

Azatlyk Radiosy: Indi ýokary okuw jaýyňyzyň abiturientlerden talaplary we okuwa girmek üçin tabşyrmaly resminamalar barada gürrüň berseňiz?

Çolpon Osmonalyýewa: Magistratura programmalarymyzyň her biri üçin giriş synaglary dürli wagtda geçirilýär. Ýagny, eger-de “Syýasat we howpsuzlyk” programmasyna tabşyrýan bolsaňyz, resminamalar her ýylyň fewral aýyndan tä maý aýyna çenli kabul edilýär. Gyzyklanma bildirýänler goşmaça maglumatlary we giriş arzasyny biziň saýtymyzdan tapyp bilerler. Onuň salgysy: www.osce-academy.net.

Ikinji magistratura programmamyz boýunça resminama kabul ediş prosesi geçen hepdeden eýýäm başlandy. Bu programmamyz boýunça hem ähli gerekli maglumatlary, bildirilýän talaplary biziň saýtymyzdan tapyp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, meniň düşünişime görä, siziň magistratura programmalaryňyz belli bir derejede syýasy bilimlere gönükdirilen.Bu programmalara dokument tabşyrmak isleýän talyplaryň ilkinji ýokary bilimi hem syýasat bilen bagly bolmalymy ýa-da başga, ýagny daşary ýurt dilleri ýaly ugurlar boýunça gutaran ýaşlar hem resminama tabşyryp bilýärlermi?

Çolpon Osmonalyýewa: “Syýasat we howpsuzlyk” programmasy barada aýdylanda, bize diňe syýasat bilimi ýa-da gumanitar ugurlar boýunça bilim alan talyplar tabşyryp bilýärler. Bize halkara gatnaşyklar bölümini gutaran ýaşlar hem resminamalaryny ugradyp bilerler.

“Ykdysady dolandyryş we ösüş” programmasyna tabşyrmak isleýän talyplaryň ykdysadyýet we maliýe ugurlary boýunça ýokary bilim diplomy bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, ýaňy siz sapaklaryň iňlis dilinde geçirilýändigini aýtdyňyz. Munuň üçin talyplaryň iňlis diliniň derejesi boýunça şahadatnamalarynyň, ýagny TOEFL ýaly resminamalarynyň bolmagy şertmi?

Çolpon Osmonalyýewa: Iňlis diliniň derejesi boýunça biz hiç hili resminamany talap edemzok. Ýöne birinji tapgyrdan geçen talyplar biziň Akademiýamyzyň taýýarlan ýörite iňlis dili boýunça synagyny tabşyrmaly bolarlar. Şolaryň netijelerine görä hem biz talybyň dil derejesini kesgitläris. Diýmek, dil derejesi boýunça bize hiç hili resmi şahadatnamany ugratmagyň geregi ýok, biziň öz testimiz bar.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy siz Akademiýaňyzda ýörite tälim beriş kurslarynyň we konferensiýalaryň geçirilýändigini aýtdyňyz. Olara nädip gatnaşmaly? Ýa-da siziň websaýtyňyzy yzarlap ýörmelimi?

Çolpon Osmonalyýewa: Haçan-da haýsydyr bir tälimçilik kurslary yglan edilende, bu baradaky maglumat biziň websaýtymyzda ýerleşdirilýär. Ähli maglumatlary biziň websaýtymyzyň esasy sahypasyndan tapyp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, soňky sorajyk soragym töleg bilen bagly. Akademiýaňyzda töleg ýagdaýy nähili?

Çolpon Osmonalyýewa: Akademiýamyz ÝHHG-ä agza döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýär. Netijede okuw mugt. Mundan başga-da talyplara ýörite stipendiýa berilýär. Şeýle-de biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzyň ýokdugy sebäpli, talyplaryň kireýine jaý tutmagy üçin goşmaça pul hemaýaty berilýär. Daşary ýurtly talyplary medisina ätiýaçlandyryşy bilen üpjün edýäris. Munuň üstesine-de, çagaly talyplarymyza ýörite goşmaça kömek hödürleýäris.
XS
SM
MD
LG