Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Koloradodaky ýangyny “uly heläkçilik” diýip atlandyrdy


Anna güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kolorado ştatynda dowam edýän tokaý ýangynlaryny “uly heläkçilik” diýip yglan etdi.

Soňky iki günüň dowamynda ol ýerdäki ýangynlarda 300-den gowrak jaý ýandy we 35 müň töweregi adam öz ýaşaýan ýerinden ewakuasiýa edildi.

Prezident Obamanyň bu tebigy heläkçilige beren kesgitlemesi Kolorado ştatynyň häkimiýetlerine bu heläkçilige garşy goreşde ABŞ-nyň federal döwlet fondundan peýdalanmaga-da mümkinçilik berýär.

Häzirki wagt Koloradodaky bu ýangynyň 67 kwadrat kilometre golaý meýdany eýeleýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG