Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton bilen Lawrow Sankt-Peterburgda gepleşik geçirýär


Anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Sankt-Peterburg şäherinde gepleşik geçirýärler.

Bu gepleşikde taraplar Siriýadaky konfliktler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

Şenbe güni Ženewada Siriýa meselesine bagyşlanyp geçiriljek ýörite sammitiň öňýany, penşenbe güni Sergeý Lawrow Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady wezipeden gidermek üçin daşardan görkeziljek islendik bir basyşy Moskwanyň goldamajakdygyny aýdyp çykyş etdi.

Beýleki tarapdan, Siriýanyň oppozision toparlary bolsa, Başar al-Assadyň wezipeden gitmedik ýagdaýynda hiç bir hili syýasy geçiş plany bilen ylalaşyp bilmejekdiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG