Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Berdimuhamedowyň doglan gününi belleýär


Anna güni Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilip geçilýär.

Berdimuhamedowyň 55 ýaşynyň dolmagy bilen bagly ýubileý toýy Türkmenistanda resmi baýramçylyk diýlip yglan edilmese-de, ýurduň raýatlary anna güni Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bu waka bagyşlanyp dürli dabaraly çäreleriň geçirilýändigini habar berýärler.

Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni Türkmenistanyň resmi habar agentligi ýurduň ministrliklerinde, pudaklaýyn edaralarynda hem-de ähli etrap, şäher we welaýat häkimliklerinde “Türkmenistanyň prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli maksatnamalary bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjy çeşmesidir” atly dabaraly maslahatlaryň-da geçirilendigini habar berdi.

Mundan daşary, penşenbe güni daşary ýurt delegasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň-da ençemesi Aşgabada sapar edip, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdylar we ony doglan güni bilen gutladylar.
XS
SM
MD
LG