Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda owgan bosgunlaryna berlen möhlet tamamlanýar


Pakistanda ýaşaýan owganystanly bosgunlaryň bu ýurtda özlerini resmi hasaba aldyrtmaklary üçin berlen möhlet ertir tamamlanýar.

Häzirki wagt Pakistanda resmi hasaba alnan owganystanly bosgunlaryň 1 million 700 müňe golaýy ýaşaýar.

Pakistanyň hökümet resmileri bu ýurduň serhetýaka Hyber Pahtunkwa prowinsiýasynda hasaba durman ýaşaýan 400 müň töweregi bosgunyň mundan beýläk Pakistanyň territoriýasynda galyp bilmejekdigini aýdýarlar.

Bu prowinsiýanyň informasiýa ministri Miýan Yftykhar Hussaýn polisiýanyň bu prowinsiýadaky bikanun bosgunlaryň sanawyny düzendigini we 30-njy iýundan soň olaryň tussag edilip, suduň karary bilen ýurtdan deportasiýa ediljekdiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG