Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Muhammad Mürsiniň inagurasiýa dabarasy geçiriler


Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsiniň inagurasiýa dabarasynyň öňýany anna güni onuň etjek çykyşyna garaşyp, on müňlerçe adam paýtagt Kairiň merkezine ýygnandy.

Anna güni giçlik, Muhammad Mürsiniň prezidentlige kasam edişlik dabarasynyň öňýany, onuň halka ýüzlenip çykyş etmegine garaşylýar.

Muhammad Mürsiniň “Musulman Doganlygy” partiýasy anna güni Müsüriň ilatyny “häkimiýetiň tabşyrylyş güni” diýen şygar astynda demonstrasiýa çykmaklyga çagyrdy.

“Musulman Doganlygy” partiýasy ýurduň harby geňeşiniň öz ygtyýarlyklaryny prezidente tabşyrmalydygyny aýdyp, muňa aýak direýär. Ýakynda Müsüriň harby geňeşi prezidente degişli ygtyýarlyklaryň köpüsini özüne geçiripdi.
XS
SM
MD
LG