Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS kompaniýasy Türkmenistanda işe başlajakdygyny aýdýar


Anna güni Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň resmisi ýakyn wagtlarda bu kompaniýanyň Türkmenistanda öz işini gaýtadan ýola goýjakdygyny mälim etdi.

Hususan-da, MTS kompaniýasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň direktory Ýelena Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu mesele boýunça Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen doly ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

“Biz ýakyn birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanda işe girişmeklige umyt edýäris. Häzirki wagt ol ýerde aragatnyşyk ulgamyny işe girizmeklige taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ähli rugsatlar eýýäm alyndy” diýip, Ýelena Kohanowskaýa gürrüň berdi.

2010-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň häkimiýetleri Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy bilen ylalaşygyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenden soň, bu kompaniýa özüniň Türkmenistandaky işlerini bes edipdi.
XS
SM
MD
LG