Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan Hazar dawasyny BMG-niň sudunda çözmekçi


K.Abdyllaýew: "Dawaly meseleleri çözmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan anyk inisiatiwalar öňe sürüldi. Gynansak-da, bu inisiatiwalar Azerbaýjan tarapyndan seslenme tapmady".

K.Abdyllaýew: "Dawaly meseleleri çözmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan anyk inisiatiwalar öňe sürüldi. Gynansak-da, bu inisiatiwalar Azerbaýjan tarapyndan seslenme tapmady".

Soňky günler daşary ýurt habar serişdelerinde Hazar deňzindäki käbir energiýa ýataklary bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dawalaryň ýitileşýändigini görkezýän maglumatlar peýda boldy.

Ýakynda Azerbaýjanyň öz habar serişdelerem Hazar deňzindäki dawaly ýerlerde Türkmenistanyň bir ylmy toparynyň ylmy-barlag işlerini geçirmegi bilen baglanyşykly Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň Türkmenistanyň Bakudaky ilçisini ýörite gürrüňdeşlige çagyrandygyny habar beripdiler.

Bu emele gelen ýagdaýda Türkmenistana BMG-niň Halkara suduna ýüz tutmakdan başga çäre galmaýar ...

Şol maglumatyň yzy bilenem, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýörite press-reliz ýaýradyp, bu bolan waka protest bildiripdi.

Hususan-da, bu press-relizde “Azerbaýjanyň serhet gulluklarynyň Kaspi deňzinde Azerbaýjanyň territoriýasyna degişli bolmadyk ýerde ylmy-barlag işlerini geçirip ýören graždan gämisine garşy bikanun hereket etmäge synanyşandyklary” aýdylyp, bu bolan waka nägilelik bildirilipdi.

Aşgabat meseläni ýene gozgady

29-njy iýunda Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) bu meselä ýene bir gezek ünsi çekip, Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral resurslary boýunça ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýew bilen geçirilen söhbetdeşligiň gysgaça mazmunyny çap etdi.

Onda Kakageldi Abdyllaýew, hususan-da, şeýle diýýär: “2008-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparynyň barşynda iki ýurduň arasynda hiç hili ylalaşyga gol çekilmedi. Şol bir wagtyň özünde-de, dawaly meseleleri çözmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan anyk inisiatiwalar öňe sürüldi. Gynansak-da, bu inisiatiwalar Azerbaýjan tarapyndan seslenme tapmady”.

Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýew.

Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýew.

Bu söhbetdeşlikde Kakageldi Abdyllaýew Hazar deňzinde heniz durumy kesgitlenilmedik Omar we Osman energiýa ýataklarynda alnyp barylýan işleri togtatmaklygy talap edip, Türkmenistanyň ençeme gezek Azerbaýjan Respulikasyna ýüz tutandygyny belleýär.

Kakageldi Abdyllaýewiň aýtmagyna görä, Hazar deňzinde ýuridiki statusy kesgitlenilmedik energiýa ýataklarynda häzir Azerbaýjan bilen baglaşylan kontraktlar esasynda “British Petroleum”, “Chevron”, “Exxon Mobile”, “Hess”, “Inpex”, “Itochu”, “Statoil”, “TPAO” we “SOCAR” ýaly daşary ýurt kompaniýalary iş alyp barýarlar.

Ministriň delilleri

Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral resurslary boýunça ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýew Azerbaýjan tarapynyň alyp barýan bu işleriniň halkara hukuk normalaryna laýyk gelmeýändigini aýdýar.

Ol Türkmenistanyň habar agentligi bilen söhbetdeşliginde: “Azerbaýjan tarapy dawaly territoriýalardaky özüniň bikanun hereketlerini bassyr-ýussur etmek üçin özüni aklap görkezmäge çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde-de, ol deslapky ylalaşyklary bozmagyny dowam etdirýär. Bu emele gelen ýagdaýda Türkmenistana BMG-niň Halkara suduna ýüz tutmakdan başga çäre galmaýar” diýip belleýär.

Kakageldi Abdyllaýew halkara deňiz hukuklaryna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky ortak liniýanyň meridianyň gündogar giňişligindäki 51 gradus 10 minudyna golaý ýerden geçýändigini aýdýar we Serdar ýatagynyň-da tutuşlygyna Türkmenistanyň territoriýasyna degişli bolýandygyny öňe sürýär.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan şu faktlaryň esasynda Azerbaýjan tarapyna öz pozisiýasyny yzygiderli düşündirip gelipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG