Sepleriň elýeterliligi

Lans Armstronga doping boýunça resmi aýyplama bildiriler


Anna güni Birleşen Ştatlaryň doping problemasyna garşy göreş alyp baryjy agentligi welosiped sürmek boýunça tanymal amerikan sportsmeni Lans Armstronga garşy neşe maddasyny ulanmak bilen baglanyşykly resmi aýyplama bildirmekçidigini mälim etdi.

Welosiped sürmek boýunça halkara “Tour de France” ýaryşynyň ýedi gezek çempiony Lans Armstronga yzygiderli ýagdaýda kanun taýdan gadagan doping maddalaryny ulananlykda aýyplama bildirilýär.

Oňa bildirilýän bu aýyplamalar doly subut edilse, ol öz gazanan sport baýraklarynyň hemmesinden mahrum bolar. Sportsmeniň özi bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG