Sepleriň elýeterliligi

Strauss-Kahn we onuň aýaly “Closer” atly žurnaly suda bermekçi


Anna güni Halkara Walýuta Fondunyň ozalky başlygy Dominike Strauss-Kahn we onuň aýaly Anne Sinkleýr Fransiýanyň “Closer” atly žurnalyny özleri barada ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplap, ony suda bermekçidiklerini mälim etdiler.

Bu är-aýal “Closer” atly žurnalyň ýakynda özleriniň aýrylyşandyklary barada toslama maglumat çap edendigini aýdýar. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Dominike Strauss-Kahn we Anne Sinkleýr özleriniň aýrylyşmak planlarynyň bardygy ýa ýokdugy barada hiç hili beýanat etmediler.

Bu wakanyň fonunda Fransiýanyň kanun goraýjy organlary 63 ýaşly Dominike Strauss-Kahna gizlin jelephanalaryň işine dahyllylykda bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işlerini alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG