Sepleriň elýeterliligi

Müsürde täze prezidentiň inagurasiýa dabarasy geçirildi


Müsürin täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsi şenbe güni resmi ýagdaýda prezidentlige kasam etdi. Ýurduň Ýokary Konstitusion sudunyň öňünde eden kasamynda Muhammad Mürsi konstitusiýa we kanunçylyga hormat goýmaga söz berdi.

“Men respublika sistemasyny wepalylyk bilen gorajakdygyma, konstitusiýa we kanunçylyga hormat goýjakdygyma, halkyň bähbidi üçin alada etjekdigime, milletiň özbaşdaklygyny we onuň howpsuzlygyny gorap saklajakdygyma Taňrydan ant içýärin” diýip, Muhammet Mürsi kasam etdi.

Onuň şenbe güni giçlik Kair uniwersitetinde inagurasiýa doklady bilen çykyş etmegine-de garaşylýar.

Geçen hepde prezident saýlanmagynyň yzýany, Muhammad Mürsi tarapgöý syýasat alyp barmazlyga söz berip, özüniň “Musulman Doganlygy” partiýasyna agzalykdan çykýandygyny-da yglan etdi.
XS
SM
MD
LG