Sepleriň elýeterliligi

Ženewada Siriýa meselesi boýunça halkara konferensiýasy geçýär


Şenbe güni Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Siriýadaky konfliktlere bagyşlanyp, ýörite maslahat açyldy.

Bu halkara konferensiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň we Siriýanyň käbir goňşy ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Konferensiýanyň açylyşynda eden çykyşynda BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan dünýäniň ösen döwletleriniň Siriýadaky häzirki krizise ygtybarly bir çykalga tapmadyk halatynda, taryhyň olara “ýowuz” baha bermeginiň mümkindigini aýtdy.

Siriýadaky konfliktlere çözgüt tapmak meselesinde Günbatar ýurtlar bilen Orsýetiň we Hytaýyň pozisiýalarynda henizem çaprazlyklar saklanýar.
XS
SM
MD
LG