Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazanyň transport kynçylyklary


Awazanyň ýeke-täk köçesiniň ugrunda awtobus duralgalary baram bolsa, henize çenli bu köçe boýunça gatnaýan awtobus ýok. Awaza, iýun, 2012.
Awazanyň ýeke-täk köçesiniň ugrunda awtobus duralgalary baram bolsa, henize çenli bu köçe boýunça gatnaýan awtobus ýok. Awaza, iýun, 2012.
Awaza syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden takmynan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Emma, Türkmenbaşydan Awaza barmak üçin jemgyýetçilik transportyndan peýdalanmak meselesinde ilat diňe hususy taksilere bil baglamaly bolýar.

Awazanyň ýeke-täk köçesiniň ugrunda awtobus duralgalary baram bolsa, henize çenli şol köçe boýunça gatnaýan awtobus ýok.

Türkmenbaşydan Awaza taksili gatnamagyň hem öz hupbatlary bar. Awaza çenli taksi sürüjiler adam başyna 2 manatdan alýar. Emma beýle ýagdaýda bir taksiçi dört müşderini tapýança, ýola çykanok.

Eger müşderi garaşmak islemese, onda dört adamyň puluny, ýagny ýerli ýaşaýjylaryň aýdyşy ýaly, “salony” töläp ýola çykmaly bolýar, bu hem 8 manada düşýär.

Ulag tölegi gaty gymmat

Transport meselesi Awazadan Türkmenbaşy şäherine dolanjak müşderiler üçin hasam kyn. Awazada müşderisini düşürip, yzyna dolanyp barýan taksä duşsaň, 8-10 manat töläp, Türkmenbaşa gaýdyp bolýar. Ýogsamam, myhmanhananyň taksi buýurmasyndan peýdalanmaly. Beýle taksi bolsa Türkmenbaşa ýa-da onuň halkara aeroportyna çenli 20 manada äkidýär.

Türkmenbaşy şäheriniň demirýol wokzaly. Iýun, 2012.
Türkmenbaşy şäheriniň demirýol wokzaly. Iýun, 2012.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, Türkmenbaşydan 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Balkanabat şäherine taksiçiler gündiz 10 manada, gije bolsa 15 manada äkidýärler. Elbetede, bu ýagdaý syýahatçylyk zolagynyň myhmanlaryna erbet täsirini ýetirýär.

“Öňem, Awazada dynç almak arzan düşmeýär. Awaza bilen Türkmenbaşy aralygyndaky jemgyýetçilik transportynyň gatnawynyň häzirki ýagdaýy bolsa goşmaça çykdajylary etmäge mejbur edýär” diýip, Awaza dynç almaga gelen 37 ýaşly Mämmet aýdýar.

Awazanyň içerki gatnawy

Diňe Awaza barmak ýa gaýtmak üçin däl, transport meselesi Awazanyň öz içinde hem edil häzirki wagt göze dürtülip duran problemalardan biri. Öz hususy ulagy bolmadyk adamlar Awazanyň bir myhmanhanasyndan beýlekisine pyýada barmaly bolýarlar.

“Bu myhmanhanalaryň arasy o diýen golaýam däl. Awazanyň häzirki gurulan böleginiň uzynlygy azyndan 5-6 kilometr bar. Onsoň, şu aralygy pyýada geçmli bolýar. Tomsuň yssysynda Awazanyň saýasyz köçesinden ýöräsiň gelmeýär” diýip, Mämmet ýagdaýy düşündirdi.

Awaza dynç almaga barýan adamlaryň sözlerinden çen tutulsa, diňe Awaza Türkmenbaşydan baryp-gaýtmak däl, transport meselesi uzak ýerlerden Awaza barmak isleýän, emma hususy maşyny bolmadyk adamlaryň hem esasy problemalaryndan biri.

Otla we uçara-da bilet gyt

Awazadan 20 kilometrlik aralykda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheri agzalýan syýahatçylyk zolagynyň golaýynda ýerleşýän iň uly şäherlerden biri. Oňa hususy maşynlary bolmadyk adamlar beýleki şäherlerden diňe otly, uçar ýa-da taksi arkaly baryp bilýärler.

Emma tomus dynç alyş möwsümi hepdäniň täk günleri Aşgabat-Türkmenbaşy tiz otlusynyň gatnap başlandygyna garamazdan, bu ugur boýunça gatnaýan otla bilet tapmak aňsat däl.

Aşgabadyň wokzalynyň kassalarynyň öňündäki nobatlar, nobatlarda döreýän konfliktler indi adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Aşgabadyň we Türkmenbaşy şäheriniň aeroportlarynda hem “bilet ýok” diýen sözleri eşitmek seýrek ýagdaý däl.

Aşgabatly 37 ýaşly Oraz hem Awaza gitjek bolup, awiabilet almaga synanyşanlardan biri. Ol: “Uçar bilen Türkmenbaşa 45 minutda baryp bolýar. Bilediň bahasy 54 manat, ol o diýen gymmadam däl, ýöne, bilet tapyp bolanok” diýip, gürrüň berdi.

Aşgabatdan Türkmenbaşa barýan ýörite şäherara awtobusy hem ýok. Ýogsam, beýleki welaýatlaryň şäherlerine Aşgabatdaky köne aeroportyň ýanyndaky terminaldan awtobuslar her gün irden ugraýarlar.

Aşgabatdan Türkmenbaşa taksili hem gidip bolýar, ýöne onuň bahasy adaty raýatlar üçin gymmat hasaplanylýar. Taksiler Aşgabatdan Türkmenbaşa adam başyna 60-70 manat alýarlar, bu nyrhyň dynç alyş möwsüminde ondan hem artýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG