Sepleriň elýeterliligi

Keniýada keliselere edilen hüjümlerde azyndan 16 adam öldi


Ýekşenbe güni Keniýanyň demirgazyk raýonynda iki sany hristian kelisesine edilen hüjümde azyndan 16 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Ýerli polisiýa edarasynyň başlygy Filip Ndolo Somali bilen serhet ýakadaky Garisa atly bir ilatly punktda näbelli ýaragly adamlaryň iki sany kelisäniň içine granat zyňyp we ondaky adamlara ok atyp, hüjüm edendiklerini aýdýar.

Keniýada soňky wagtlar ýerli hristianlar bilen musulmanlaryň arasynda çaknyşyklar yzygiderli ýüze çykyp durýar.
XS
SM
MD
LG