Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlardaky güýçli tupanda on üç adam öldi


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň gündogar raýonynda ýüz beren güýçli tupanyň netijesinde 13 adam öldi.

Tupanyň döreden ýykan-ýumrançylyklarynyň netijesinde elektrik üpjünçiliginde-de uly bökdençlikler ýüze çykdy we ol millionlarça adama täsir etdi.

Bu apy-tupan sebäpli ýurduň Wirjiniýa, Ohaýo we Günbatar Wirjiniýa ştatlarynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Prezident Barak Obama bu wakada ejir çeken adamlara öz gynanjyny bildirdi we ştatlaryň gubernatorlaryny gyssagly çäreleri görmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG