Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Gazni şäheriniň golaýyndaky partlamada 5 adam öldi


Ýekşenbe güni Owganystanyň polisiýasy ýurduň Gazni şäheriniň golaýynda ýol gyrasynda goýlan bir minanyň partladylmagy netijesinde 5 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi.Wakada ýene azyndan 11 adam ýaralanypdyr.

Welaýat polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary maýor Muhammad Hussaýn bu wakada ýol gyrasyndaky minanyň üsti ýolagçyly bir awtobusyň golaýynda partladylandygyny aýdýar.

Bu ýolagçy awtobusy Kabuldan Kandagar şäherine barýan eken. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG