Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Eýrana garşy sanksiýalary güýje girýär


Eýranyň "Sorouş" nebit ýatagynyň golaýynda ýurduň nebit tankeri deňziň üsti bilen nebit önümini alyp gitmäge taýýarlyk görýär. 2012.

Eýranyň "Sorouş" nebit ýatagynyň golaýynda ýurduň nebit tankeri deňziň üsti bilen nebit önümini alyp gitmäge taýýarlyk görýär. 2012.

Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy nebit söwdasy boýunça girizen sanksiýalary ýekşenbe güni resmi ýagdaýda güýje girýär.

Bu sanksiýalar Eýranyň dawaly ýadro programmasy bilen baglanyşykly Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen iň bir çynlakaý sanksiýa hasaplanylýar.

Ykdysadyýet ugrundan bilermenler häzirki sanksiýalaryň netijesinde Eýranyň öz nebitinden gelýän girdejileriniň ýarsyna golaýyndan mahrum bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda gelnen ylalaşyga görä, 1-nji iýuldan başlap Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara Eýranyň nebitini we nebit önümlerini satyn almaklyk gadagan edilýär.

Umumy alnanda, Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar Eýranyň nebit eksportynyň 20 prosentine golaýyny satyn alýar.

Halkara Energiýa Agentligi Eýranyň nebit çig malynyň eksportynyň, onsuzam, üstümizdäki ýylda 40 prosent töweregi pese düşendigini aýdýar.

Eýran yza çekilenok

Eýran Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna tutanýerli garşy durmaga çalyşýana meňzeýär. Ýekşenbe güni eden çykyşynda Eýranyň merkezi bankynyň başlygy Mahmud Bahmani bu meselede Tähranyň “gol gowşuryp” oturmajakdygyny mälim etdi.

Ýarym resmi “Mehr” habar agentligi Mahmud Bahmaniniň Eýranyň duşmançylykly syýasata garşy durjakdygyny we ýurduň importy üçin zerur bolan ýeterlik walýuta rezerwleriniň-de bardygyny aýdandygyny habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Eýranyň resmileri käbir beýleki ýurtlaryň Eýrandan satyn alýan nebitiniň möçberini ozalkylardan has artdyrandyklaryny öňe sürýärler. Ýöne bu beýanatlary tassyklaýjy anyk faktlar welin häzirlikçe göze ilmeýär.

Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş agzasynyň we Germaniýanyň Tähran bilen alyp barýan gepleşiklerine parallel ýagdaýda Eýrana garşy girizilen bu täze sanksiýalar Günbataryň Tähran babatda ulanýan “kemputmy ýa taýak” diýen syýasatyndan ugur alýar.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýakynda geçirilen üç tapgyr gepleşikler oňyn bir netije bermedi. Bu ugurdaky nobatdaky gepleşik şu geljek hepdäniň sişenbe güni Stambulda geçiriler diýlip garaşylýar.

Şu geçen hepdäniň penşebe güni Eýranyň ýadro meselesi boýunça araçyl wekili Saed Jalili Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalarynyň geljekki gepleşiklere “ýaramaz täsirini” ýetirjekdigini nygtap, ýörite resmi hat ýazdy. Ýöne ol bu “ýaramaz täsir” diýýäniniň nämedigini aýdyňlaşdyrmady.
XS
SM
MD
LG