Sepleriň elýeterliligi

Uzak we ýakyn ýyllaryň ýatlamalary


Ýazgeldi Seýidowyň ýaş toýunda. Çepden saga: Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Rozynazar Hudaýberdiýew, kino režissýory Ýazgeldi Seýidow we hudožnik Wladimir Artykow. Moskwa, iýun, 2012.

Ýazgeldi Seýidowyň ýaş toýunda. Çepden saga: Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Rozynazar Hudaýberdiýew, kino režissýory Ýazgeldi Seýidow we hudožnik Wladimir Artykow. Moskwa, iýun, 2012.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, görnükli türkmen kino režissýory hem ssenaristi Ýazgeldi Seýidow ýakynda 80 ýaşady. Golaýda Moskwadaky Kino öýünde Ý.Seýidowyň hyzmatyna bagyşlanan döredijilik agşamy boldy we onuň rol oýnan “Gadymy daglaryň rowaýaty” atly çeper filmi görkezildi.

Onuň yzýany uly ussadyň kärdeşleri hem ildeşleri Moskwada Ýazgeldi aganyň ýaş toýuny toýladylar. Azatlyk Radiosy şol toýuň yzýany Ýazgeldi Seýidow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýazgeldi aga, ýaş toýuňyz gutly bolsun! Garrylyk bilen nädýäňiz?

Ý.Seýidow: Garrylyk, elbetde, hemme adamyň başynda bar. Iru-giç adamzat uzak ýaşasa garraýar. Wagty gelende, jandarlaram garraýarlar. Nätjek-dä, her kimiň başynda bar garrylyk.

Azatlyk Radiosy: Göwün nähili? Göwün garramaýar diýilýäni ugrunda barmy?

Ý.Seýidow: Dogrudanam, göwün hiç wagt garranok. Sen eger 70, 80, 90, 100 ýaşa welin, göwnüň şo ýaşlykda. Göwnüňe bolmasa, şo ýaşlykdaky ýaly ýyndam ylgajagam bolýaň. Ýaşlykda edýän işleriň ýaly işleri edesiň gelýär. Emma oňa gurbuň çatanok. Şonuň üçinem, göwün, elbetde, hiç wagt garranok.

Azatlyk Radiosy: Siz şöhratly ýol geçdiňiz. Uly halypalyga ýetdiňiz. Bu geçilen ýolda häzirki gün kimleri has köpräk ýatlaýaňyz?

Ý.Seýidow: Her kimiňem dogan-garyndaşlaryndan başga-da, dost-ýarlary, halypalary bar. Men öz halypalarymy ýatlaýan. Özümi Alty Garlyýewiň okuwçysy diýip hasaplaýan.

Beýik türkmen kino režissýory Alty Garly bilen men bile işleşdim. “Aýgytly ädimde” ol baş režissýordy, menem 2-nji režissýor bolup işledim. Şondaky bütin köpçülik sahnalary, gohlary, uruşlary, gyrlyşyklary, atdan agdarylyşyklary men guraýardym. Alty Garlyýew bu zatlary maňa ynandy.

Men: “Ejemiň gujagynda ýatmadyk bir günüm geçdi, iki günüm geçdi” diýip hasap ederdim. ...

Şonuň üçin, ilki bilen A.Garlyýewi, onsoň deň-duş, bile işleşen kino režissýorlaryny, kino operatorlaryny ýatlaýan. Kakaw Orazsähedowy – ýaňy golaýda, öten ýylda ýogaldy, meniň gowy dostum, bile işleşen ýoldaşym, şony ýatlaýan.

Gurban Ýazhanow – meniň bilen bile Magtymguly adyndaky baýragy alan operator, başga-da, Berdi Kerbabaýewi, Sahy Jepbarowy, Mylly Täçmyradowy ýatlaýan. Sebäbi olar beýik adamlar.

Azatlyk Radiosy: Siz geçen durmuş ýoluňyz, iş tejribeleriňiz barada ýatlamalar kitabyny ýazýaňyzmy?

Ý.Seýidow: Şoň ýaly pikir bar mende. Şolar üçin suratlary, kino materiallary, başga-da duşuşyklarda berlen soraglary jemläp ýörün. Ýazmak pikirim bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň ömrüňiziň iň ýakymly, iň gowy pursatlary haýsylar boldy?

Ý.Seýidow: Gowy edep-terbiýe alan adamlar mydama höwes bilen ene-atalaryny ýatlaýandyr. Beýik Fizulynyň aýdyşy ýaly, “Edep serişdesin tutgun, edep dek ýagşy zat bolmaz”.

Biz gaty hor, garyp ýaşadyk Sowet döwründe. Kakamyzy-ha 38-nji ýylda, şol tutha-tutlukda “halk duşmany” diýip, atdylar. Onuň mazarynyň nirededigini hiç birimiz bilemzok. Şonuň üçinem, biziň ejemiz hem eje boldy, hem ata boldy. Biz hemmämiz, doganlarymyz bir ýorganyň aşagynda ýatardyk, ýerde. Aramyzda ejemiz, iki tarapynda-da biz ýatardyk.

Kä wagtlar bir sebäp bilen dogan-garyndaşlara gidip, birki gün öýe gelip bilmesek, meselem, men gelmesem, men “Ejemiň golaý gujagynda ýatmadyk bir günüm geçdi, iki günüm geçdi” diýip hasap ederdim. Soň gelip, doganlarym bilen hasaplap, şol geçen günlerimiň öwezine ejemiň golaý ýanynda ýatardym. Ynha, meniň iň ýürege golaý ýatlaýan zatlarym.

Azatlyk Radiosy: Siz ekranda türkmen taryhyny hem türkmen tebigatyny janlandyrdyňyz. Türkmen derýasynyň akyşyna hem onuň getiren diriligine dünýä halklary şaýat boldular. Şol wagtyň özünde, siziň şahsy keşbiňiz ekrandan daşarda galdy. Muny adalatsyzlyk hasaplamaýarsyňyzmy?

Ý.Seýidow: Men çeper filmlerem kän aldym. Ylaýta-da, tebigat hakynda, dokumental-hronikal hem ylmy-populýar filmleri kän aldym. Garagum kanaly – ol bagt getiren kanal. Ol bedende esasy gan aýlandyryş damary ýalak, türkmen topragynda Jeýhun derýadan, Hazar deňzine çenli ýetdi. Bu barada men kino edipdim. Bu kino 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Şo Döwlet baýragyny öz ýoldaşym, kino operatory Gurban Ýazhanow bilen B.Kerbabaýewiň elinden aldyk. Ol pursat “Türkmenistan” diýen kinožurnalda şekillendirildi. Onsoňam, men birnäçe kinoda aktýor hökmünde-de çykyş etdim. Men kän döwletlerde: Italiýada, Germaniýada, Çehiýada, Rumyniýada, başga-da kän döwletlerde çykyş etdim. Şolaryň hemmesem surata alyndy.

Azatlyk Radiosy: Sizi esasan kino režissýory hökmünde tanaýarýar. Režissýorlyk diňe döredijilik ukybyny däl, eýsem guramaçylyk ukybyny-da talap edýär. Režissýoryň hyzmatynda döredijilik talanty öňde durýarmy ýa-da ýadawsyz işjeňlik hem köpçüligiň dilini tapmaklyk?

Ý.Seýidow: Men režissýorlyk ýa-da guramaçylyk işleriniň haýsy öňde-haýsy yzda diýip düşünemok. Ikisem gaty golaý, parallel, olary bile alyp barmaly. Şonuň üçinem, hem režissýorlyk wezipesi, hem guramaçylyk wezipesi deň hatarda durýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň we siziň döwürdeşleriňiziň türkmen kino sungatyna gelmegine sungaty öwrenijiler iňňän ýokary baha berdiler. 60-njy ýyllarda türkmen kino sungatyna gelenler “täze tipli, örän döwrebap sungaty döretdiler” diýildi. Eýsem, türkmen kino sungatyna şeýle döwür ýene gelermi?

Ý.Seýidow: Dogrudanam, 60-njy ýyllarda türkmen kino sungatyna täze ýaşlar gelipdi. O wagtlar entek türkmen kino sungatynda ýokary bilimli, kino institutlaryny gutaranlar ýokdy. Köplenç öwrenijilerdi. Alty Garlynyňam kino ugrundan gutaran zady ýok, beýleki kän režissýorlaryňam kino ugrundan gutaran institutlary ýokdy.

Altmyşynjy ýylda men, Hojaguly Narlyýew, Bally Orazow, Gurban Ýazhanow, Kakaw Orazsähedow ýaly täze-täze kadrlar ýetişdi. “Şeýle döwür ýene gelermi?” diýýärsiňiz. Indi bilemok. Sowet Soýuzy-da dargady. Indi bir ýerde okamak üçin, bir ýerde ylym alamak üçin pul tölemeli.

Azatlyk Radiosy: Ýazgeldi aga, maksat-niýetleriňiz, göz öňünde tutýan işleriňiz barda-da aýdaýsaňyz.

Ý.Seýidow: Täze ýyllardan meniň üýtgeşik proýektlerim bar. Golaýda Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenler meniň kinolarymy görüp: “Bize kino edip ber. Näme çykdaýjy bolsa, biz töläli” diýip, meniň 80 ýyllyk ýaşymy toýlamaga geldiler.

Men şonda olara: “Indiki etjek filmim siziň ata-babalaryňyz barada bolar. Olar näme üçin Türkmenistandan gaýdypdyrlar, gelip, Stawropolda, Rossiýada ýerleşip, şu taýda orun tutup, şu taýda ýaşap, şu taýda okap, özüniň dilini, dinini unutman, däp-dessurlaryny unutman ýaşapdyrlar – şular barada, şolaryň gelişleri barada men kino etjek” diýdim.

Men häzir şonuň üstünde işleýän. Indiki ýyl, saglyk bolsa, şo kinony “Türkmendöwletkinotelewideniýesi” bilen bileleşip alarys diýip, tama edýän.
XS
SM
MD
LG