Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde HAG-lara “agentler” diýip at dakmak maksat edinilýär


“Moskwanyň Helsinki Topary” Orsýetde köpden bäri işleýän we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk köne guramalaryň biri. Onuň başlygy Lýudmila Alekseýewa “Bu kanun nejis maksat bilen kabul edilýär” diýýär.

“Moskwanyň Helsinki Topary” Orsýetde köpden bäri işleýän we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk köne guramalaryň biri. Onuň başlygy Lýudmila Alekseýewa “Bu kanun nejis maksat bilen kabul edilýär” diýýär.

Orsýetde işleýän we daşary ýurtlaryň grantlary esasynda maliýeleşdirilýän hökümetden aýry guramalaryň (HAG) öňümizdäki günlerde resmi taýdan “daşary ýurtlaryň agentleri” diýlip atlandyrylmagy we olardan şeýle at bilen hasaba durmagyň talap edilmegi ähtimal.

Orsýetiň häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Döwlet Dumasyna tabşyran täze kanunyň taslamasy daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän we syýasy hereketlere baş goşýan hökümete degişli bolmadyk guramalara degişli.

Kanunyň proýektiniň awtorlarynyň biri Aleksandr Sidýakin Twitterde “Daşary ýurtly agentler, pullaryňyzy taýýarlaň! :)” diýip ýazdy.

Kanun güýje giren badyna 90 günüň dowamynda gaýtadan hasaba durmadyk guramalar 6 aýlyk ýapylar. Şeýle hem guramalar häkimiýetlere her ýarym ýyldan öz maliýe girdeýjileri barada jikme-jik hasabat berip durmaly bolarlar.

Doly hasabat bermedikleriň 1 million rubla çenli jerime tölemeli ediljegi ýa-da 4 ýyl türme tussaglygyna sezewar ediljegi hem aýdylýar.

Sidýakin täze kanunyň hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işiniň üstüni açyp, olary alyp baýran işleriniň hakyky maksatlaryny mälim etmäge mejbur etjegini aýdýar.

Bu kanunyň proýekti adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan berk ýazgaryldy. Olar hökümete degişli bolmadyk guramalaryň häzirki wagtda-da öz maliýe girdeýjileri barada doly maglumat berýändiklerini aýdýarlar.

Maksat näme?

Adam hukuklaryny goraýjylar Kremli raýat toparlaryny abraýdan düşürmäge synanyşmakda aýyplaýarlar we munuň bilen Wladimir Putiniň 12 ýyllyk ýolbaşçylygyna garşy protest çykyşlarynyň badyny saklamaga çalyşýanlygyny aýdýarlar.

“Moskwanyň Helsinki Topary” Orsýetde köpden bäri işleýän we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk köne guramalaryň biri. Onuň başlygy Lýudmila Alekseýewa “Bu kanun nejis maksat bilen kabul edilýär” diýýär.

Alekseýewanyň pikirine görä, häkimiýetler bu kanuny taýýarlamak bilen, adaty raýatlaryň arasynda graždan aktiwistleriniň Orsýete basdaş ýurtlaryň bähbitleri üçin işleýän duşmanlardygy barada pikir döretmek isleýär.

Alekseýewa “Moskwanyň Helsinki toparynyň” we beýleki guramalaryň daşary ýurtlaryň grantlaryndan peýdalanyp işlemäge mejbur bolýanlygyny, sebäbi Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramlar üçin maliýe ýardamynyň elýeterli däldigini belleýär.

Şeýle-de kanun proýekti Orsýetiň Adalat ministrliginiň ekstremizmde şübhelenilýän guramalary barlamak boýunça ygtyýarlyklaryny artdyrýar.

Syýasaty öwreniji Mark Urnow täze kanun häkimiýetleriň göwnünden turmadyk islendik guramany abraýdan düşürmek üçin taýýarlandy diýip, pikir edýänligini aýdýar.

Urnow täze kanunda kesgitsizlikleriň köpdügine ünsi çekip, kanunyň taslamasynda guramalaryň girdeýjileriniň mukdarynyň we görnüşleriniň takyklaşdyrylmaýanlygyny belleýär.

Soňky aýlarda Orsýetiň ençeme resmisi ýurduň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň käbirlerini günbatar döwletleriniň adyndan hereket etmekde günäledi.

Käbir synçylar bu täze kanunyň adam hukuklaryny depeleýän ors resmileri babatda ýakynda ABŞ-nyň Senatynda kabul edilen kanuna jogäp hökmünde ädilen ädimdigini çak edýärler.
XS
SM
MD
LG