Sepleriň elýeterliligi

Meksikadaky prezidentlik saýlawlarynda Nietonyň ýeňiş gazanandygy aýdylýar


Meksikada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerine görä, Guramaçylykly rewolýusiýon partiýasynyň (PRI) wekili Enrikie Pena Nieto sesleriň 38% töweregini alyp, ýeňiş gazanypdyr.

Mundan soň Guramaçylykly rewolýusiýon partiýasynyň ýene-de täzeden, 12 ýyldan soň häkimiýet başyna gelmegine ýol açylmagy mümkin. Bu partiýa mundan ozal ýurdy ýeke-täk partiýa bolup, 70 ýyl töweregi dolandyrypdy.

Ses berlişigiň deslapky netijeleri yglan edilenden soň, Nieto şeýle çykyş etdi: “Men Meksikanyň ilatynyň maňa beren bu ygtyýarlygyny uly höwes, uly borç bilen öz üstüme alýaryn. Soňky üç aýyň dowamynda syýasatçylar we dalaşgärler tas her gün diýen ýaly çykyş edipdi. Emma 1-nji iýulda halk çykyş etdi. Olar muny açyk-aýdyň beýan etdiler. Olar mümkinçilik üçin ses berdiler”.

Deslapky maglumatlara görä, çepçi Andres Manuel Lopez Obrador sesleriň 31%-ni, ýurduň başyndaky Milli hereket partiýasynyň (PAN) wekili Josefina Vazkuez Mota sesleriň 25%-ni alypdyrlar.

Meksikanyň 112 millionluk ilatynyň 47%-e golaýy garyplykda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG