Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýanyň oppozisiýasy bilen gepleşik geçirer


Orsýetiň Daşary işler ministligi şu aýyň aýagynda, Sirýanyň oppozisiýasynyň iki topary bilen gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi. Gepleşiklerde BMG, Orsýet we ABŞ tarapyndan goldanylýan syýasy geçiş planlarynyň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Şenbe güni Ženewada geçirilen maslahatda hem Assadyň, hem-de oppozisiýanyň wekilleriniň gatnaşjak Siriýanyň täze hökümetini düzmek kararyna gelnipdi. Oppozisiýanyň wekilleri bu plany masgaralaýjy zat diýip häsiýetlendirýärler.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni eden beýanatyndan öňinçä, Siriýanyň oppozisiýasynyň 250-ä golaý wekili Kaýirde iki günlük maslahat geçirdiler.
XS
SM
MD
LG