Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystandaky hüjümde üç britan esgeri öldürildi


Owgansytanda polisiýanyň egin-eşigini geýnen söweşiji NATO-nyň üç esgerini atyp öldürdi. Britaniýa şol esgerleriň üçüsiniň hem öz raýatydygyny yglan etdi.

Hüjüm ýekşenbe güni Helmend welaýatynyň barlag gözegçilik nokadynda amala aşyryldy.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, şol üç esger maslahat beriş toparynyň agzalary eken.

Owganystanda 2001-nji ýyldan bäri 422 sany britan esger öldürildi.
XS
SM
MD
LG