Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky Halkara güýçleriniň komanduşisi Pakistana bardy


Owganystandaky Halkara güýçleriniň komanduşisi, ABŞ-nyň goşun generaly Jon Allen ýekşenbe güni Pakistana sapar etdi. Bu barada Pakistanyň mediýasy habar berýär.

Saparyň dowamynda NATO-nyň Owganystandaky operasiýalary üçin niýetlenen ýükleri Pakistanyň serhedinden geçirmek meselesine hem seredilendigi aýdylýar.

Maglumata görä, Allen Pakistanyň harbylarynyň başlygy general Aşfak Kaýani we daşary işler ministri Hina Rabbani Khar bilen hem duşuşypdyr. Yslamabatda geçirilen gepleşiklere ABŞ-nyň ilçisi Kameron Munteriň hem gatnaşandygy barada informasiýa berilýär.

Gepleşikleriň netijeleri barada goşmaça maglumatlar häzirlikçe mälim edilmedi.

Geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň howa zarbasynda 24 sany pakistanyň esgeri ölenden soň, Yslamabat ýaranlygyň ýükleri üçin öz serhedini böwetläpdi.
XS
SM
MD
LG