Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçylar gadymy metjidiň gapylaryny ýumurdylar


Maliniň yslamçy söweşijileri 15-nji asyra degişli Timbuktu metjidiniň girelge gapylaryny weýran etdiler.

Metjidiň günorta ganadynyň gapysy asyrlar boýy ýapylyp saklanýardy. Ýerli ynanja görä, eger-de şol gapy açylsa, onda bela-beteriň gelmek howpy bar eken.

Maglumata görä, eli paltaly adam “Allahu ekber!”, ýagny “Alla beýikdir” diýen tekbiri gygyryp, metjidiň gapysyny döwüpdir.

Asyrlar bäri duran bu metjit musulman sopularyna degişlidi. Emma, “Al-Kaýdanyň” ýerli bölümi – “Ansar Dine”, ýagny “Ynanjyň goraýjylary” atly topar muňa budparazçylyk hökmünde garaýardy.

Halkara jenaýat sudunyň baş sülçüsi Fatou Bensouda ybatdahanalary weýran etmegiň uruş jenaýaty hökmünde kabul edilip bilinjekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG