Sepleriň elýeterliligi

Ýewro-2012 ýaryşynyň iň gowy oýunçysy yglan edildi


UEFA, ýagny Ýewropadaky futbol çärelerine gözegçilik edýän gurama “Ýewro-2012” futbol ýaryşynyň iň gowy oýunçysy hökmünde ispaniýaly Andres Iniestany ykrar etdi.

Mundan öň, Ispaniýa çempionatyň final duşuşygynda Italiýanyň komandasyny 4-0 hasaby bilen ýeňip, indi ikinji gezek yzly-yzyna bu kubogy almagy başardy.

“Ýewro-2012” bäsleşigindäki ýeňişinden soň, Ispaniýa futbol boýunça halkara çempionatlarynda üç gezek yzly-yzyna ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji döwlet boldy. Ispaniýa soňky ýyllarda iki Yewropanyň we bir dünýä futbol ýaryşynyň kubogyny aldy.
XS
SM
MD
LG