Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýük awtoulaglaryna mugt benzin ýok


Bu gezek hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talony berilmez.
Bu gezek hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talony berilmez.
Türkmenistanda 1-nji iýuldan başlap, hususy awtoulagy we motosikli bolan raýatlara 2012-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin mugt benzin almaga talonlar berlip başlandy. Emma bu gezek hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talony berilmez.

Bu ädim 9-njy martda Türkmenistanyň prezidentiniň hususy ýeňil awtoulaglaryň we motosiklleriň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň ýa-da dizel ýangyjynyň muzdsuz berilýän möçberlerini tassyklamak baradaky kararyna esaslanýar.

Kabul edilen täze kararda hususy ýük awtoulaglarynyň eýeleri agzalmandy. Geçen hepdäniň dowamynda metbugatda çap edilen bildirişde hem 2012-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin diňe hususy ýeňil awtoulag we motosikl eýelerine mugt ýangyç talonlarynyň paýlanýandygy aýdylýar.

Bu ýagdaý ýük daşaýan hususy maşynlaryň eýýeleriniň käbirlerini alada goýýar. “Hususy ýük awtoulgalarynyň eýelerine muzdsuz ýangyjy bermezlik üçin bahana hem tapyldy, ýük awtoulgalarynyň eýeleriniň patent tölemeýändigini bahana edip, olary mugt ýangyçdan mahrum etdiler” diýip, 47 ýaşly sürüji Gylyç zeýrenýär.

Şu ýylyň 5-nji martynda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Müllikow käbir ýük awtoulaglarynyň eýeleri, resmi rugsady bolmazdan, hususy maksatlary üçin döwletiň her ýylda berýän mugt ýangyjyny bikanun ulanýarlar diýip, çykyş edipdi. Şondan soň türkmen telewideniýesinde ýük awtoulaglarynyň eýelerine patent edinip işlemeklerini wagyz edýän birnäçe çykyşlar görkezildi.

9-njy martda kabul edilen kararda hem berilýän mugt ýangyjyň täjirçilik maksatlary üçin däl-de, şahsy maksatlar üçin ulanmaga berilýändigi nygtalýar.

Suratlar: Bu gezek hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talony berilmez.

Ýerli synçylaryň käbirleri ýük awtoulgalaryna mugt ýangyjyň berilmezligini ilata ýangyjy mugt bermekligiň düýbünden ýatyrylyp başlanmagynyň alamaty hökmünde garaýarlar. “Ýük awtoulgalarynyň eýeleriniň patent tölemeýänligi baradaky habar täzelik däl. Ony her kimem bilýär. Emma ýük awtoulaglaryna mugt ýangyjyň berilmezliginiň esasy sebäbi ilata ýangyjy mugt bermekden ýüz öwrülip başlanmagy bilen bagly” diýip, efire adynyň tutulmazlygyny soran aşgabatly synçy aýdýar.

Onuň pikiriçe, indiki gezek ýeňil awtoulaglaryň eýeleriniňki bolar.

“Munuň üçin uly bir bahana tapyp oturmaly däl. Ýurtda her bir ýeňil awtoulagyň eýesi diýen ýaly kireý edýär. Olaryň aglabasy patentsiz kireý edýänler. Benziniň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli, benzin puly üçin kireý edýänlerem az däl. Ine, şolaryň kireýi üçinem olara mugt ýangyjy bermezligi karar ederler. Şondan soň ýurtda diňe motosikl eýelerine mugt ýangyç berilmegi ähtimal” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Edil häzirki wagtda synçynyň bu pikirini tassyklaýjy ýa-da inkär ediji resmi maglumat ýok. Emma onuň şeýle bolmagynyň ahmaldygy baradaky pikirler bilen aşgabatly sürüji, 47 ýaşly Gylyç hem ylalaşýar. Onuň çaklamagyna görä, bu çäräniň tapgyrlar esasynda amala aşyrylmagy mümkin.

“Mugt berilýän benzin – benziniň bahalarynyň gymmatlamagyna ilat tarapyndan ýiti reaksiýanyň bolmagynyň öňüni almak üçin edilen iş. Elbetde, bu hezilligiň uzak dowam etmejekdigi düşnüklidi. Goýberilýän mugt benziniň möçberi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Ýene-de biraz wagtdan bu mugtçulyk düýbünden ýatyrylar. Hökümet adamlar eýýäm gymmat benzine öwrenişip barýarlar diýip, pikir edýär” diýip, Gylyç aýdýar.

Hususy ýük awtoulaglaryna mugt ýangyjyň berilmezliginiň bazarlardaky harytlaryň hem bahalarynyň gymmatlamagyna getirmeginden alada edilýär. Aşgabatly synçynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, oňa geçmişden hem mysal tapmak mümkin: “Ýangyjyň bahasy gymmatlandan soň, taksileriň kireý puly ýokary galypdy. Harytlary daşaýan ýük awtoulaglary hem öz hyzmatlary üçin bahalaryny birneme ýokary galdyrypdylar. Mysal üçin, agyz suwuny öýe eltip berýän kompaniýalar köne pulda 20 müň manada 20 litrlik suwy müşderisine eltip beren bolsa, benzin gymmatlandan soň köne pulda 25 müň manada galdyrypdylar”.

2008-nji ýylda ýurtda benziniň bahasy gymmatlandan soň, şahsy awtoulaglary bolan adamlara belli bir mukdarda benzin mugt berilip başlandy. Ýeňil awtoulgalary bolan adamlara 6 aý üçin 720 litr ýangyç berilýär. Şahsy ýük awtoulaglary bolan raýatlara bolsa 6 aý üçin 1 tonna 200 litr ýangyç mugt berilmeli edilipdi.

Hususy ýeňil awtoulagy we motosikli bolan raýatlara benziniň we dizel ýangyjynyň talonlary ýurduň ygtyýarly edilen bank edaralary tarapyndan goýberilip başlandy.
XS
SM
MD
LG