Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň mediasy Ysraýyly urup biljek raketanyň synagdan geçirilendigini aýdýar


“Şahab-3” raketasynyň synagy “Beýik Pygamber-7” ady bilen geçirilýän harby türgenleşikleriň çäginde amala aşyryldy, 3-nji iýul.
“Şahab-3” raketasynyň synagy “Beýik Pygamber-7” ady bilen geçirilýän harby türgenleşikleriň çäginde amala aşyryldy, 3-nji iýul.

Eýran orta aralyk üçin niýetlenen “Şahab-3” raketasynyň synagynyň üstünlikli amala aşyrlandygyny aýdýar

Eýran orta aralyk üçin niýetlenen “Şahab-3” ballistik raketasynyň synagyny üstünlikli amala aşyrdy diýip, bu ýurduň mediasy habar berýär. Bu raketalar Ysraýyla çenli baryp bilýär.

Eýranyň berýän maglumatyna görä “Şahab-3” kysymly raketalarynyň 2 müň kilometre çenli uçmak ukyby bar. Eýran bilen Ysraýylyň aralygy bolsa 1 müň kilometre golaý.

“Şahab-3” raketasynyň synagy “Beýik Pygamber-7” ady bilen geçirilýän harby türgenleşikleriň çäginde amala aşyryldy. Bu türgenleşikler duşenbe güni başlanypdy.

Şol bir wagtda, Günbatar Tähranyň dawaly ýadro programmasy boýunça Eýrana garşy basyşyny güýçlendirýär. Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň nebitine girizen embargosy hem 1-nji iýuldan başlap güýje girdi.

“Fars” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Eýranyň ençeme künjeginden onlarça dürli kysymly raketlar Kawir çölündäki bir nyşana garşy atylypdyr.

Eýranyň Respublikan gwardiýasynyň howa-kosmos bölüminiň başlygy general Amir Aly Hajizadeh häzire çenli 300-den 1,300 km. aralyk üçin niýetlenen raketlaryň synag edilendigini aýtdy.

Eýran ballistik raketa synagyny amala aşyrdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Eýranyň resmi habar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Rewolýusiýa sakçylarynyň ýokary derejeli resmisi general Hossein Salami bu türgenleşikleriň “Eýranyň halkyna syýasy gyýa göz bilen bakýanlaryň hereketiniň netijesinde” geçirilendigini aýdypdyr. General Salami gytaklaýyn ABŞ-ny we Ysraýyly göz öňünde tutýana meňzeýär. Şeýle-de ol “ähli çäreleriň görlüp bilinjekdigini” hem sözüne goşdy.

Waşington we onuň ýarany Ysraýyl Eýranyň dawaly ýadro progammasy bilen baglylykda ähli, şol sanda harby çäreleriň hem görlüp bilinjekdigini gaýta-gaýta nygtapdylar. Emma ABŞ meseläniň diplomatik çözgüdine ýykgyn edýändigini aýdýar.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça şu ýyl üç gezek gepleşikler geçirilipdi. Olara Eýranyň resmileri bilen bir hatarda dünýäniň iri alty döwletiniň, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň wekilleri-de gatnaşypdy. Emma şol gepleşiklerde uly öňegidişligi gazanmak başartmandy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Ramin Mehmenparast sişenbe güni çykyş edip, eger-de dünýä güýçleri Eýranyň ýadro “hukuklaryny” kabul etmeseler, onda gepleşikleriň petige diremeginiň mümkindigini duýdurdy.

Şeýle-de Mehmenparast Günbataryň sanksiýalarynyň Eýranyň pikirini üýtgedip bilmejekdigini aýtdy.

Tähran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG